Makala ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini, sebitleriň ösüşini statistiki taýdan öwrenmegiň usulyýetini seljermeklige bagyşlanýar. Şeýle hem esasy durmuş-ykdysady indikatorlaryň ulgamyna we olara toplumlaýyn çemeleşmek esasynda sebitleriň durmuş taýdan ösüşine baha bermekligiň dürli usullaryna seljermeler berilýär. Olaryň esasynda durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetini kemala getirmegiň şertlerinde ýurdumyzyň sebitleriniň ösüşini dolandyrmakda durmuş taýdan ösüşiň derejesine baha bermegiň usulyýetiniň kämilleşdirilmeginiň uly ähmiýete eýe bolýandygy beýan edilýär.
Ýaşyl ykdysadyýet durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde esasy gurallaryň biri bolup durýar. Bu babatda banklar diňe bir daşky gurşaw bilen bagly taslamalary maliýeleşdirýän edaralar bolup çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem ýaşyl ykdysadyýetiň ýörelgelerinden gelip çykýan öz strategiýalaryny, modellerini we tehnologik platformalaryny özgerd- ýän maliýe edaralary hökmünde öz orunlaryny berkidýärler. Şundan ugur alyp, makalada durnukly ösüş üçin ýaşyl ykdysadyýetiň ähmiýeti we banklaryň bu maksada ýetmek üçin ornaşdyrýan täze çemeleşmeleriniň dünýä tejribesi öwrenilýär.
Bilim ulgamy bilen zähmet bazarynyň özara baglanyşygynyň üpjün edilmegine aýratyn uly ünsüň berilýän döwründe, ýurdumyzda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralarda, kärhanalarda we guramalarda hem-de hususy telekeçilikde döwrebap tehnologiýalar we innowasiýalar ornaşdyrylýar, olarda zähmet çekýän ýaşlaryň hünär derejesine bildirilýän talaplar ýokarlanýar. Ýurdumyzda hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny bäsleşikli zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak hem-de olary täze döwrebap iş orunlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň häzirki zaman durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy maksatlarynyň biri hökmünde ilatyň işjeň bölegini düzýän zähmet resurslaryny netijeli dolandyrmak ykrar edilýär. Ýurdumyzda soňky ýyllarda zähmet gorlarynyň sanynyň yzygiderli ýokarlanmagy dowam edýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde, şol sanda söwdada bazar gatnaşyklarynyň ösüşi, şeýle hem ýurdumyzyň senagat eýeçiliginiň goragy, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary ulgamlarynda halkara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine goşulmagy hereket edýän milli kanunçylygy düýpli kämilleşdirmegi talap edýär. Makalada intellektual eýeçilik çygryndaky halkara resminamalary düýpli seljermek hem-de olarda beýan edilen kadalary we düzgünleri milli kanunçylyga ornaşdyrmak bilen bagly meseleleriň öwrenilişi beýan edildi. Şeýle hem intellektual eýeçilik hukugy babatda Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalary seljerildi, bu ugurda ýurdumyzyň hukukçy alymlarynyň garaýyşlary we ylmy-tejribe düşündirişleri peýdalanyldy. Ylmy makalada gelnen netijeler intellektual eýeçilik bilen bagly milli kanunçylyk ulgamynda beýan bilen kadalaryň Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalarynyň düzgünleri we kadalary bilen sazlaşykly utgaşýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Töwekgelçilikleri dolandyrmak we maliýe akymyny rejelemek ýaly içerki ykdysady proseslere, şeýle hem döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagy, dünýä ykdysadyýetiniň täsiri we maliýe bazarlaryndaky üýtgeşmeler ýaly daşarky ýagdaýlara düşünmek möhüm bolup durýar. Bu ylmy makalada karz edaralaryň işleriniň ykdysady ýörelgelerine, olaryň mazmunyna we ähmiýetine seljermeler berilýär. Bank işiniň ykdysadyýete ýetirýän täsiri makroykdysady, mikroykdysady, şeýle hem maliýe durnuklylygy we durmuş-ykdysady ähmiýetliligi taýdan seljerilýär. Netijede bank işiniň maliýe ulgamynyň sazlaşykly işlemeginde, çeşmeleriň netijeli gaýtadan paýlanmagynda we ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm orna eýedigi açylyp görkezilýär.
Ylmy makalada sebitleýin durmuş-ykdysady ösüşde kiçi we orta telekeçiligiň ähmiýeti we görkezijiler ulgamy beýan edilýär. Türkmenistanda telekeçilik gurşawyny kämilleşdirmeklige döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Ýurduň sebitleri öz häsiýetli aýratynlyklary boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Şol sebäpden sebitlerde telekeçilik işini ýola goýmakda, ösdürmekde her bir sebit üçin anyk we aýdyň çözgütler kabul edilýär. Bu makalada dünýä tejribesinden peýdalanyp, sebitlerde kiçi we orta telekeçiligiň görkezijiler ulgamynyň netijeliligine baha bermegiň usulyýeti seljerildi. Netijede sebitleýin durmuş-ykdysady ösüşde kiçi we orta telekeçiligiň tutýan ornunyň uludygy açylyp görkezildi.
Dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşýan şertlerinde, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny kesgitleýän esasy görkezijileriň biri bolup, adam maýasy çykyş edýär. Makalada bu düşünjäniň esasy mazmuny we milli ykdysadyýetiň innowasiýa şertlerinde tutýan orny beýan edilýär. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ykdysadyýetiň pudaklarynyň diňe bir ýurduň içinde däl-de, daşary ýurtlarda hem bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmagyň zerurlygy sebäpli, adam maýasynyň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Ykdysady taýdan ösen döwletleriň tejribesinden hem görnüşi ýaly, innowasion ösüşiň esasynda adamyň täze bilimleri öwrenmek we ulanmak ukyplary durýar. Şol sebäpli, üýtgeýän daşky şertlere çalt uýgunlaşmaga mümkinçilikli çeýe bilim ulgamyny kemala getirmek, ony kämilleşdirmek wezipesi okgunly ykdysady ösüşi üpjün etmek isleýän her bir döwlet üçin esasy wezipeleriň birine öwrülýär.
Häzirki wagtda bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýerli býujeti meýilnamalaşdyrmak, girdejileri artdyrmak we çykdajylary netijeli sarp etmek, ýerli býujetiň maliýe serişdelerini we olaryň ykdysady ýagdaýlaryny ýokarlandyrmak, jemgyýetiň durmuş-ykdysady zerur lygy, maliýe gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, ýerli býujeti dolandyrmaklygy kämilleşdirmek, maliýe çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerli býujetiň durnuklylygyny üpjün etmek býujet ulgamynyň esasy maksatlarynyň biridir. Şol sebäpli ylmy makalada, Merkezleşdirilen býujet bilen ýerli býujetiň arasyndaky gatnaşyklarda ýerli býujetiň durnuklylygyny üpjün edýän ýerli girdejileriň çeşmelerini kämilleşdirmek we ýerli çykdajylaryň maksadalaýyk hem-de netijeli sarp edilmegini gazanmak babatynda döwlet maliýe ulgamynyň sazlaşykly işlemeginiň aýratynlyklary beýan edilýär. Netijede, ýerli býujetiň netijeli dolandyrylmagynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmaga hem-de sebitiň ösüşini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýändigi tassyklanylýar.