BANK IŞINIŇ YKDYSADY ESASLARY
Doly tekst
Gysgaça beýany
Töwekgelçilikleri dolandyrmak we maliýe akymyny rejelemek ýaly içerki ykdysady proseslere, şeýle hem döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagy, dünýä ykdysadyýetiniň täsiri we maliýe bazarlaryndaky üýtgeşmeler ýaly daşarky ýagdaýlara düşünmek möhüm bolup durýar. Bu ylmy makalada karz edaralaryň işleriniň ykdysady ýörelgelerine, olaryň mazmunyna we ähmiýetine seljermeler berilýär. Bank işiniň ykdysadyýete ýetirýän täsiri makroykdysady, mikroykdysady, şeýle hem maliýe durnuklylygy we durmuş-ykdysady ähmiýetliligi taýdan seljerilýär. Netijede bank işiniň maliýe ulgamynyň sazlaşykly işlemeginde, çeşmeleriň netijeli gaýtadan paýlanmagynda we ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm orna eýedigi açylyp görkezilýär.
Esasy sözler
pul akymlary, gaýtadan paýlamak, likwidlilik, tölege ukyplylyk, düşewüntlilik, durnuklylyk, diwersifikasiýa, pul-karz syýasaty, göterim derejesi, paýnama.Edebiýatlar
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. I tom. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. – A.: TDNG, 2010.
2. Taýharow B., Hajygurbanow H. Pul, karz we banklar. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025.