Ylmy makalada ykdysady ulgamda innowasiýanyň mazmunyna doly göz ýetirmek üçin onuň dürli görnüşe we hile eýedigi nygtalýar. Bu bolsa ony işläp düzmekligiň, ýaýratmaklygyň, dolandyrmaklygyň aýratynlyklarynyň bardygyny subut edýär. Makalada innowasiýany düzüm böleklere bölmekde diňe bir nazary däl-de, eýsem onuň amaly taraplaryna hem seredilmeginiň zerurdygy bellenilip, innowasiýanyň düzüm böleklere bölünmeginde onuň baha beriş ölçegleri, görkezijileri we görnüşleri göz öňünde tutulýar. Makalada innowasiýa düşünjesiniň örän köptaraplydygy, onuň anyk ykrar edilen düzüm bölekleriniň ýokdugy sebäpli, olary umumylaşdyrylan görnüşde düzüm böleklere bölmekligiň maksadalaýyk boljakdygy ylmy taýdan esaslandyrylýar.
ESG (Environmental, Social and Governance – ekologiýa, durmuş we korporatiw dolandyryş) faktorlarynyň bahalandyrylmagy uzak wagtyň dowamynda haýal, ýeterlik derejede aýdyň bolmadyk hem-de kompaniýalaryň özbaşdak taýýarlaýan hasabatlaryna aşa garaşly döwürleýin reýting amaly hökmünde alnyp baryldy. Maliýe tehnologiýalarynyň (Fintech) platformalarynyň ESG signallaryny karz beriş algoritmlerine, ätiýaçlandyryş nyrhlaryny kesgitlemek modellerine we portfel dolandyryş ulgamlaryna ornaşdyrmagy bilen, adaty reýting siklleriniň çäklendirmeleri diňe bir oňaýsyzlyk dälde, ulgamlaýyn meselä öwrülýär. Bu makalada hakyky wagtda emeli aňa (EA) esaslanýan köp çeşmeli ESG analitikasynyň öňegidişligi göz öňünde tutýandygy: ESG diskret reýtingini özleşdirmekden esasy maliýe infrastrukturasy hökmünde düşünmek üçin düýpli özgerişleri aňladýandygy nygtalýar. Emeli hemralardan alnan şekilleri, sosial torlardaky teswirleriň sazlaşygyny, göni ýaýlymdaky habarlary we düzümleýin maliýe maglumatlaryny birleşdirýän alty agentli EA-binýadyna (EA-konweýeri) esaslanyp, biz üznüksiz ESG bahalandyrmasynyň fintech ulgamlarynyň düzüminde ornaşdyrylyp bilinjekdigini görkezilýär. Ösüp barýan bazaryň “Arlan Textiles” (Ardowiýa) atly hyýaly kärhanasynyň anyk mysaly, adaty agentlikler tarapyndan ünsden düşürilen “greenwashing” (ekologik marketing aldawy) duýduryşlaryny teklip edilen modeliň nähili anyklaýandygyny görkezýär. Karz bermek, ätiýaçlandyryş, portfel dolandyryşy we kadalaşdyryjy talaplara laýyklyk üçin bu çemeleşmäniň netijesini maglumatlaryň ýetmezçiligi has ýiti bolan ösüp barýan bazarlaryň mysalynda seredilip geçilýär.
Bu ylmy makalada sanly özgertmeler şertlerinde we maliýe maglumatlarynyň möçberiniň artmagy bilen baglanyşykly ýagdaýda maliýe seljermesiniň hilini ýokarlandyrmakda emeli aňyň (EA) ulanylyşy beýan edilýär. Makalada emeli aňyň maliýe seljermesinde ulanylýan esasy ugurlar beýan edilýär: maliýe görkezijilerini çaklamak, töwekgelçilikleri we anomaliýalary ýüze çykarmak, uly maglumatlary we gurluşsyz maglumatlary (tekstler, habarlar, hasabatlar) intellektual taýdan gaýtadan işlemek. Maşyn öwrenişi, çuň neýron torlary we tebigy dili gaýtadan işlemek tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň çaklamalaryň takyklygyny ýokarlandyrýandygy, adam faktorynyň täsirini peseldýändigi, seljerme amallaryny tizleşdirýändigi we dolandyryş çözgütleriniň esaslandyrylyşyny güýçlendirýändigi görkezilýär. Makalada maglumatlary taýýarlamak, modelleri saýlamak, netijeleri düşündirmek we hil gözegçiligini öz içine alýan maliýe seljermesine emeli aňy integrasiýa etmek boýunça konseptual model hödürlenýär. Netijede, maliýe seljermesinde intellektual tehnologiýalaryň ösüşiniň tehnologiýa taýdan kämillik, model açyklygy, kiberhowpsuzlyk we düzgünleşdiriji üpjünçilik bilen utgaşykly alnyp barylmalydygy barada netije çykarylýar.
Makalada sanly ykdysadyýet şertlerinde wirtual aktiwleriň ykdysady we hukuk tebigaty öwrenilýär. Soňky ýyllarda maddy we sanly dünýäniň arasyndaky araçäk barha aýdyňlaşýar. Wirtual aktiwler adamlarda diňe bir gyzyklanma döretmek bilen çäklenmän, düýpli ylmy seljermäni talap edýän bazar gatnaşyklarynyň doly hukukly obýektlerine öwrüldi. Şundan ugur alnyp, maddy eýeçilikden tokenleşdirilen hukuklara geçiş işi we tranzaksiýalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde blokçeýn tehnologiýasynyň ähmiýeti, wirtual aktiwler, olaryň wezipeleri, aýratynlyklary hem-de wirtual aktiwleriň durnukly işlemegi üçin tehnologik üýtgeşmeleriň ýokary tizligine uýgunlaşmaga ukyply bolan zerur kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň milli tejribesi hem öwrenilýär. Netijede, wirtual aktiwleriň hukuk we ykdysady tebigatynyň yzygiderli öwrenilmegi, geljekde ýurduň sanly giňişlikde bäsleşige ukyplylygyny berkitmekde we innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde strategik ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna netijeli goşulyşmagy, ýurdumyzda ösen senagatyň kemala gelmegi hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagy bilen dokma pudagynda maýa goýumlary özleşdirilip, bu pudak döwrebap ösdürilýär. Makalada statistiki maglumatlara salgylanyp, deňeşdirme, logiki pikirlenme we analiz usullary ulanylyp, dokma senagatynyň ösüşi seljerilýär we ykdysadyýetde tutýan orny görkezilýär. Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň ösüş aýratynlygy, öndürilýän önümleriniň görnüşleri, olaryň hil, ekologiýa standartlaryna laýyk gelýändigi hem-de daşary ýurtlara eksporty beýan edilýär we netije çykarylýar.
Häzirki zaman dünýäsinde sanly transformasiýa diňe bir tehnologik täzelik bolman, eýsem ol durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu makalada sanly ykdysadyýetiň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekdäki strategik ähmiýeti seljerilýär. Şeýle hem sanly tehnologiýalaryň resurslary tygşytly ulanmakdaky, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakdaky we ekologik durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti ylmy esasda beýan edilýär, milli we halkara derejesinde sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşiň täze nusgasyny kemala getirmekdäki amaly mümkinçilikleri öwrenilýär. Sanly transformasiýa ykdysady ulgamyň durnuklylygyny üpjün edýän täze gurşawy kemala getirýär. Bu bolsa sanly ykdysadyýetiň täze mümkinçiliklerini öwrenmekligiň häzirki zaman ykdysady ylmy üçin örän wajypdygyny delillendirýär. Makalada ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň durnukly ösüşiň ykdysady, durmuş we ekologiýa sütünlerine ýetirýän täsirini ylmy taýdan seljermek hem-de sanly tehnologiýalaryň durnukly ösüşiň guraly hökmündäki mümkinçiliklerini esaslandyrmak maksat edinilýär. Şol maksat bilen bu işde deňeşdirmeseljeriş we statistik çemeleşmeler ýaly ylmy-barlag usullary ulanyldy.
Makalada agrosenagat toplumynyň (AST) önümçilik infrastrukturasyny dolandyrmakda halkara tejribesinde giňden ulanylýan “WEFE Nexus” konsepsiýasynyň ähmiýeti we ony Türkmenistanyň ykdysadyýetine ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri seljerilýär. Suw, energiýa, azyk we ekoulgamlaryň özara baglanyşygyny üpjün edýän sanly çözgütleriň, hususan-da agrowoltaika we “akylly” suwaryş ulgamlarynyň durnukly ösüşi gazanmakdaky orny beýan edilýär. Şeýle hem önümçilik desgalarynyň sanly nusgalaryny döretmegiň we maglumatlara esaslanýan oba hojalygyny ösdürmegiň ykdysady we ekologik bähbitleri beýan edilýär.
Ylmy makalada önümçilik ulgamynda «Kaizen» (üznüksiz kämilleşdiriş) we «Lean production» (tygşytly önümçilik) konsepsiýalarynyň nazary, usuly hem-de ykdysady esaslarynyň seljermesine syn berilýär. Olaryň ösüş tapgyrlary, filosofik ýörelgeleri we dolandyryş mazmuny açylyp görkezilýär. Tygşytly önümçiligiň kärhananyň çykdajylarynyň düzümine, zähmet öndürijiligine hem-de durnukly bäsdeşlik artykmaçlyklarynyň emele gelmegine ýetirýän täsiri seljerilýär. Geçiş ykdysadyýetli ýurtlarda senagat kämilleşdirmesi üçin bu usullaryň ähmiýeti esaslandyrylýar. Şonuň esasynda bolsa bu usullaryň ornaşdyrylmagynyň kärhananyň maliýe durnuklylygyny üpjün etmekde strategik gural bolup hyzmat edýändigi ylmy taýdan delillendirilýär.