Ekspertleriň syny

Žurnala hödürlenilen makala garaşsyz ekspertlere syna ugradylýar. Synçylaryň hödürlenýän makala baha bermäge ýeterlik başarnygynyň bolmagyny Elektron žurnalyň redaksiýasy üpjün edýär. Awtora synçy barada, synça bolsa awtor barada maglumat berilmeýär. Synlaryň esasynda žurnalyň redaksiýasy makalany neşir etmek, etmezlik ýa-da gaýtadan işlemek barada çözgüt çykarýar. Synlaryň hakyky nusgasy Elektron žurnalyň neşir edilen gününden soň redaksiýada 3 ýyl möhletde saklanylýar.