OBASENAGAT ÖNÜMLERINIŇ MAHABATYNDA SANLY WE “ÝAŞYL” TEHNOLOGIÝALARYŇ STRATEGIK KONWERGENSIÝASY
Doly tekst
Gysgaça beýany
Makalada obasenagat toplumynyň önümleriniň mahabatynda ulanylýan mahabat sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň strategik konwergensiýasynyň mehanizmleri ylmy taýdan seljerilýär. Global bazaryň özgerýän şertlerinde adaty mahabatyň netijeliliginiň pese gaçýandygy, onuň “ekologiýa yzyny” seljermäge esaslanýan täze paradigma geçmegi talap edýändigi esaslandyrylýar. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly algoritmleri we durnukly ösüşi birleşdirýän “Goşa geçiş” («Twin Transition») konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. “Obasenagat önümlerini öňe sürmegiň Milli kognitiw ekoulgamyny” («National Cognitive Ecosystem for Agri-Product Promotion», NCEAP) işläp düzmegiň usulyýeti teklip edilýär, bu bolsa maglumatlar bankyny döretmegi, intellektual belgilemäni hem-de emeli aň tehnologiýasynyň esasynda öňünden çaklaýyş marketingini öz içine alýar. “Akylly yzarlaýjylygy” («Smart Traceability») üpjün etmek we sanly pasportlary döretmek üçin blokçeýni ulanmagyň dünýä tejribesi seljerilýär. “Kognitiw rezonansyň” (CR) görkezijileri arkaly mahabatyň netijeliligini bahalandyrmagyň formulasy kesgitlenýär. Bu barlagyň amaly ähmiýeti Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň eksport bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, islegiň ýokary tehnologiýaly dolandyrylyşyna geçmek hem-de ýurdumyzy tehnologik taýdan ösen we ekologiýa taýdan jogapkär, ýokary hilli önümleri öndüriji hökmünde tanatmak üçin gurallary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Esasy sözler
obasenagat toplumy, sanly özgeriş, “ýaşyl” tehnologiýalar, mahabat, “Goşa geçiş”, ESG-brending, kognitiw ekoulgamEdebiýatlar
1. Luo X. et al. Alicoco: Alibaba e-commerce cognitive concept net //Proceedings of the 2020 ACM SIGMOD international conference on management of data. – 2020. – С. 313-327.
2. Mazzucato M. The Value of Everything: Making and Taking in the Global Economy. Penguin Books, Penguin Random House, UK. 2018. pp. 358.
3. Porter, M. E., & Heppelmann, J. E. How Smart, Connected Products Are Transforming Competition. // Harvard Business Review, 2014.
4. Reinartz W., Wiegand N., Imschloss M. The impact of digital transformation on the retailing value chain //International journal of research in marketing. – 2019. – Т. 36. – №. 3. – С. 350-366.
5. Tapscott D. The Digital Economy: Promise and Peril in the Age of Networked Intelligence. – New York: McGraw-Hill, 2014. – 368 p.