ZÄHMET BAZARY ZÄHMET GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM ŞERTIDIR
Doly tekst
Gysgaça beýany
Bilim ulgamy bilen zähmet bazarynyň özara baglanyşygynyň üpjün edilmegine aýratyn uly ünsüň berilýän döwründe, ýurdumyzda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralarda, kärhanalarda we guramalarda hem-de hususy telekeçilikde döwrebap tehnologiýalar we innowasiýalar ornaşdyrylýar, olarda zähmet çekýän ýaşlaryň hünär derejesine bildirilýän talaplar ýokarlanýar. Ýurdumyzda hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny bäsleşikli zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak hem-de olary täze döwrebap iş orunlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň häzirki zaman durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy maksatlarynyň biri hökmünde ilatyň işjeň bölegini düzýän zähmet resurslaryny netijeli dolandyrmak ykrar edilýär. Ýurdumyzda soňky ýyllarda zähmet gorlarynyň sanynyň yzygiderli ýokarlanmagy dowam edýär.
Esasy sözler
zähmet bazary, hünär bilimi edaralary, iş bilen üpjünçilik, milli ykdysadyýet, sanly ykdysadyýet, durmuş taýdan goraglylyk, zähmet gory, maýa goýum syýasaty, ýaşlarEdebiýatlar
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy. – A.: TDNG, 2022.
2. Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy. – Aşgabat, 2025.
3. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy. – Aşgabat, 2025.