INTELLEKTUAL EÝEÇILIGIŇ MILLI WE HALKARA HUKUK ESASLARY
Doly tekst
Gysgaça beýany
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde, şol sanda söwdada bazar gatnaşyklarynyň ösüşi, şeýle hem ýurdumyzyň senagat eýeçiliginiň goragy, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary ulgamlarynda halkara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine goşulmagy hereket edýän milli kanunçylygy düýpli kämilleşdirmegi talap edýär. Makalada intellektual eýeçilik çygryndaky halkara resminamalary düýpli seljermek hem-de olarda beýan edilen kadalary we düzgünleri milli kanunçylyga ornaşdyrmak bilen bagly meseleleriň öwrenilişi beýan edildi. Şeýle hem intellektual eýeçilik hukugy babatda Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalary seljerildi, bu ugurda ýurdumyzyň hukukçy alymlarynyň garaýyşlary we ylmy-tejribe düşündirişleri peýdalanyldy. Ylmy makalada gelnen netijeler intellektual eýeçilik bilen bagly milli kanunçylyk ulgamynda beýan bilen kadalaryň Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalarynyň düzgünleri we kadalary bilen sazlaşykly utgaşýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Esasy sözler
hukuk, ykdysadyýet, intellektual, eýeçilik, patent, şertnama, gurama, ylalaşyk, kanunçylyk.Edebiýatlar
1. Nuryýew Ý. M., Çaryýew A. A., Gurbanow J. H. Halkara hususy hukugy. Okuw gollanmasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.
2. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023.
3. Türkmenistanyň Raýat kodeksi. “Türkmenistan” gazeti, 2025-nji ýylyň 30-njy iýuly.
4. “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny. // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017. – № 4. – 141-nji madda.
5. “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny. // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017. – № 4. – 140-njy madda.