INNOWASIÝA ŞERTLERINDE ADAM MAÝASYNYŇ ORNY
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşýan şertlerinde, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny kesgitleýän esasy görkezijileriň biri bolup, adam maýasy çykyş edýär. Makalada bu düşünjäniň esasy mazmuny we milli ykdysadyýetiň innowasiýa şertlerinde tutýan orny beýan edilýär. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ykdysadyýetiň pudaklarynyň diňe bir ýurduň içinde däl-de, daşary ýurtlarda hem bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmagyň zerurlygy sebäpli, adam maýasynyň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Ykdysady taýdan ösen döwletleriň tejribesinden hem görnüşi ýaly, innowasion ösüşiň esasynda adamyň täze bilimleri öwrenmek we ulanmak ukyplary durýar. Şol sebäpli, üýtgeýän daşky şertlere çalt uýgunlaşmaga mümkinçilikli çeýe bilim ulgamyny kemala getirmek, ony kämilleşdirmek wezipesi okgunly ykdysady ösüşi üpjün etmek isleýän her bir döwlet üçin esasy wezipeleriň birine öwrülýär.


Esasy sözler
innowasiýa, adam maýasy, bilim, ukyp, başarnyk, intellektual eýeçilik, menejment, durnukly ösüş.
Awtor barada
Nurmämmet ALTYÝEW

TDYDI

Turkmenistan

uly mugallym


Edebiýatlar

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. I tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.

2. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.