TÜRKMENISTANDA ÝERLI BÝUJETIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ESASY UGURLARY
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Häzirki wagtda bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýerli býujeti meýilnamalaşdyrmak, girdejileri artdyrmak we çykdajylary netijeli sarp etmek, ýerli býujetiň maliýe serişdelerini we olaryň ykdysady ýagdaýlaryny ýokarlandyrmak, jemgyýetiň durmuş-ykdysady zerur lygy, maliýe gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, ýerli býujeti dolandyrmaklygy kämilleşdirmek, maliýe çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerli býujetiň durnuklylygyny üpjün etmek býujet ulgamynyň esasy maksatlarynyň biridir. Şol sebäpli ylmy makalada, Merkezleşdirilen býujet bilen ýerli býujetiň arasyndaky gatnaşyklarda ýerli býujetiň durnuklylygyny üpjün edýän ýerli girdejileriň çeşmelerini kämilleşdirmek we ýerli çykdajylaryň maksadalaýyk hem-de netijeli sarp edilmegini gazanmak babatynda döwlet maliýe ulgamynyň sazlaşykly işlemeginiň aýratynlyklary beýan edilýär. Netijede, ýerli býujetiň netijeli dolandyrylmagynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmaga hem-de sebitiň ösüşini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýändigi tassyklanylýar.


Esasy sözler
Türkmenistanyň Döwlet býujeti, Merkezleşdirilen býujet, ýerli býujet, býujet serişdeleri, maliýe gatnaşyklary, ýerli býujetiň durnuklylygy, kadalyk ölçegleri, grantlar, salgytlar.
Awtor barada
Leýli AŞYROWA

TDYDI

Turkmenistan

mugallymy


Edebiýatlar

1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.

3. Türkmenistanyň Býujet kodeksi // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014. – № 1, madda 37.

4. “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny // (26.08.2017 ý. № 604-V, 20.10.2018 ý. № 83-VI, 22.08.2020 ý. № 269-VI, 24.07.2022 ý. № 502-VI, 13.07.2024 ý. № 110-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen).

5. “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny. “Türkmenistan” gazeti, 2024-nji ýylyň 2-nji dekabry. – № 307 (31242).