BMG-niň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA MASLAHATY – ÖSÜŞIŇ GELJEKKI UGURLARY
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
7-11

Makalada 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalalary beýan edilýär. Bu döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere seljerme berilýär hem-de ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynda bu döwletlere mahsus bolan kynçylyklaryň üstünlikli ýeňlip geçilişi açylyp görkezilýär. Şeýle hem BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiren maslahatlary, olarda ileri tutulan ugurlar we gazanylan netijeler hakynda maglumatlar görkezilýär.

INNOWASION ÖSÜŞDE MAÝA GOÝUMLARYŇ ORNY
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
12-16

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion esasda ösdürmek üçin maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Innowasion tehnologiýalara maýa goýulmagy ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen birlikde, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam edýär. Ylmy makalada ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligi ýörite statistik maglumatlaryň esasynda seljerildi hem-de seljermäniň esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine çekilýän maýa goýumlaryň önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmaga we önümçiligiň gerimini giňeltmäge ýetirýän oňyn täsiri beýan edildi.


GURAMANYŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ EKOLOGIK JÄHETLERI
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
17-22

Guramanyň işinde ekologik faktorlaryň integrasiýasy onuň durmuş-ykdysady syýasatyny ekologiýa we tebigaty goramak kanunçylygynyň talaplaryny nazara almak hem-de senagat önümçiliginiň daşky gurşawa ýaramaz täsirini peseltmek arkaly durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Ykdysady edebiýatlarda ekologik durnuklylygy bahalandyrmagyň usulyýeti durnukly ösüşiň düzüm bölegi we işewürligiň jemgyýetçilik jogapkärçiligi hökmünde entek doly esaslandyrylmadyk, şu sebäpli hem makalada “guramanyň ekologik durnuklylygy” düşünjesini aýdyňlaşdyrmagyň nazary çemeleşmelerini umumylaşdyrmak we ony bahalandyrmagyň görkezijiler ulgamyny hödürlemek maksat edinildi. Guramanyň ekologik durnuklylygyny seljermegiň hödürlenilýän usulyýet gurallary onuň sebiti ekologik howpsuzlygyna goşandyny bahalandyrmaga, önümçiligiň serişde netijeliligini ýokarlandyrmagyň ätiýaçlyklaryny esaslandyrmaga, tebigy mümkinçilikleri rejeli peýdalanmaga we daşky gurşawa antropogen agramy azaltmaga mümkinçilik berer.


LOGISTIKA WE YKDYSADY HOWPSUZLYK
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
23-26

Makalada ykdysady guramanyň hemişelik hem-de öňünden görüp bolmaýan daşarky we içerki howp ýagdaýlary şertlerinde, onuň ösmek ukyby nukdaýnazaryndan özboluşly ýagdaýy hökmünde howpsuzlyk düşünjesi seljerilýär. Awtor logistika konsepsiýasynyň nukdaýnazaryndan ulag ulgamynda ykdysady howpsuzlygyň gurluşyny teklip edýär we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmegiň tapgyrlaryny öňe sürýär. Logistikanyň kärhanalara ykdysady, tehnologik, guramaçylyk we maglumat ugurlaryny utgaşdyrmaga mümkinçilik berýändigi tassyklanylýar.


SANLY GURŞAWYŇ BANK IŞINE ÝETIRÝÄN TÄSIRI: MEÝILLER, TÖWEKGELÇILIKLER WE TÄZE MÜMKINÇILIKLER
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
27-30

Ylmy makalada sanly gurşawyň bank işine ýetirýän täsiri düýpli seljerilip, bank innowasiýalarynyň karz edaralarynyň wajyp maddy däl aktiwi hökmündäki ornunyň gapma-garşylykly häsiýete eýedigi ýüze çykaryldy, şeýle hem bank ekoulgamlarynyň işleýiş aýratynlyklary beýan edildi. Bank işine innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň banklaryň maliýe bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna täsir edýändigi we şol bir wagtda sanly bank hyzmatlarynyň wirtuallygy bilen tapawutlanýandygy sebäpli, olaryň bank töwekgelçilikleriniň täze alamatlaryny ýüze çykarýandygy aýdyňlaşdyryldy. Bank innowasiýalaryny ornaşdyrmagyň netijeliligini bahalandyrmagyň usulyýetiniň işlenip düzülmeginiň zerurlygy, şeýle hem täze bank töwekgelçilikleriň ýüze çykýandygyny göz öňünde tutmak bilen, bank işiniň maliýe netijelerini seljermegiň ähmiýeti açylyp görkezildi.


TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ NETIJELI GURALYDYR
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
31-34

Makalada Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda milli bähbitlerimiziň geljekki mümkinçiliklerini kesgitlemek, ulag meselelerini düzgünleşdirýän halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hakyndaky meselelere garalýar. Häzirki wagtda Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde – gatnaw ýollarynyň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşmek bilen, köpugurly halkara ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek babatyndaky iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Bu makalada Türkmenistanyň iki yklymyň çatrygynda amatly ýerleşýän döwlet bolup, ýurdumyzda ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýanlygy, bu mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna milli ösüşiň ýokary derejede üpjün edilýänligi zerur maglumatlaryň esasynda beýan edilýär.


SANLY YKDYSADYÝETIŇ SANLY ÇÖZGÜTLERI
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
35-39

Makalada dünýä tejribesinde ilata edilýän elektron söwda hyzmatlarynyň giň mümkinçilikleri öwrenilýär hem-de ylmy esasda seljerilýär. Has takygy, tölegleriň sanlylaşdyrylmagy, sanly marketing, sanly täjirçilik, sanly aragatnaşyk ýaly möhüm ähmiýetli düşünjeleriň amatly we bähbitli aýratynlyklaryna jikme-jik seredilýär. Bölek satuw nokatlaryny MT gurallaryny we ýöriteleşdirilen enjamlary ulanmak bilen awtomatlaşdyrylmagy, söwda amallarynyň dolandyrylyşynda sanly hyzmatlar üçin amatly mümkinçilikleri döredýär hem-de olar halkara derejede ylmy esasda öwrenilip, giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle ylmy çözgütler bölek satuw nokatlarynyň esasy maliýe görkezijilerini kämilleşdirmäge ýardam etmek arkaly (mysal üçin, girdejini köpeltmek we çykdajylary azaltmak), müşderi hyzmatynyň has ýokary derejesini üpjün eder we şoňa laýyklykda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.


GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA ÇEŞMELERI: YKDYSADY NETIJELILIK, DURNUKLY ÖSÜŞ WE MILLI TEJRIBE
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
40-44

Häzirki wagtda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty gorap saklamak döwrüň wajyp meseleleriniň biri hasaplanylýar. Ýer togalagynda parnik gazlarynyň mukdarynyň yzygiderli artmagy, şonuň netijesinde ozon gatlagynyň ýukalmagy hem-de howanyň global derejede üýtgemegi ýaly meseleler arassa energiýa çeşmelerine bolan islegiň ýokarlanmagyna getirdi. Şunlukda, bu meseläniň oňyn çözgüdi hökmünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek iň ygtybarly, ykdysady tarapdan bähbitli, ekologik taýdan howpsuz ugur hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan, ylmy makalada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň ykdysady we ekologik bähbitleri, onuň durnukly ösüşe ýetirýän täsiri hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky milli tejribesi beýan edilýär. Şeýle hem geçirilen seljermelere esaslanylyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň Türkmenistanda ykdysady, durmuş we ekologiýa meseleleriň utgaşykly çözülmegi üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi açylyp görkezilýär.