INNOWASION ÖSÜŞDE MAÝA GOÝUMLARYŇ ORNY
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion esasda ösdürmek üçin maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Innowasion tehnologiýalara maýa goýulmagy ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen birlikde, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam edýär. Ylmy makalada ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligi ýörite statistik maglumatlaryň esasynda seljerildi hem-de seljermäniň esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine çekilýän maýa goýumlaryň önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmaga we önümçiligiň gerimini giňeltmäge ýetirýän oňyn täsiri beýan edildi.


Esasy sözler
maýa goýum, jemi içerki önüm, innowasion tehnologiýa, sanly ykdysadyýet, durnukly ösüş, telekeçilik, düşewüntlilik, bäsleşige ukyplylyk.
Awtor barada
Baýramdurdy TAÝHAROW

TDYDI

Turkmenistan


Edebiýatlar

"1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. I tom. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. – A.: TDNG, 2010.

2. Orazmuhammet Aşyrow. Durmuş-ykdysady ösüş we maýa goýum syýasaty // “Türkmenistan” gazeti. 2025-nji ýylyň 26-njy fewraly. № 49 (31318).

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi // “Türkmenistan” gazeti. 2025-nji ýylyň 8-nji fewraly. №34. (31303).

4. Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri: 2023 ý. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, 2024."