GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA ÇEŞMELERI: YKDYSADY NETIJELILIK, DURNUKLY ÖSÜŞ WE MILLI TEJRIBE
Doly tekst
Gysgaça beýany
Häzirki wagtda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty gorap saklamak döwrüň wajyp meseleleriniň biri hasaplanylýar. Ýer togalagynda parnik gazlarynyň mukdarynyň yzygiderli artmagy, şonuň netijesinde ozon gatlagynyň ýukalmagy hem-de howanyň global derejede üýtgemegi ýaly meseleler arassa energiýa çeşmelerine bolan islegiň ýokarlanmagyna getirdi. Şunlukda, bu meseläniň oňyn çözgüdi hökmünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek iň ygtybarly, ykdysady tarapdan bähbitli, ekologik taýdan howpsuz ugur hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan, ylmy makalada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň ykdysady we ekologik bähbitleri, onuň durnukly ösüşe ýetirýän täsiri hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky milli tejribesi beýan edilýär. Şeýle hem geçirilen seljermelere esaslanylyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň Türkmenistanda ykdysady, durmuş we ekologiýa meseleleriň utgaşykly çözülmegi üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi açylyp görkezilýär.
Esasy sözler
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «ýaşyl» ykdysadyýet, durnukly ösüş, uglerod zyňyndylary, daşky gurşawy goramak.Edebiýatlar
"1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.
2. Türkmenistanyň energetika strategiýasy: amala aşyrylyşy we ileri tutulýan ugurlary. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.
3. Türkmenistan gazeti, № 305. 2022-nji ýylyň 23-nji noýabry.
4. IRENA (2024). Renewable power generation costc in 2023, International Renewable Energy Agency, Abu Dhabi.
5. IRENA (2024). World Energy Transitions Outlook 2024: 1,5oC Pathway, International Renewable Energy Agency, Abu Dhabi."