SANLY YKDYSADYÝETIŇ SANLY ÇÖZGÜTLERI
Doly tekst
Gysgaça beýany
Makalada dünýä tejribesinde ilata edilýän elektron söwda hyzmatlarynyň giň mümkinçilikleri öwrenilýär hem-de ylmy esasda seljerilýär. Has takygy, tölegleriň sanlylaşdyrylmagy, sanly marketing, sanly täjirçilik, sanly aragatnaşyk ýaly möhüm ähmiýetli düşünjeleriň amatly we bähbitli aýratynlyklaryna jikme-jik seredilýär. Bölek satuw nokatlaryny MT gurallaryny we ýöriteleşdirilen enjamlary ulanmak bilen awtomatlaşdyrylmagy, söwda amallarynyň dolandyrylyşynda sanly hyzmatlar üçin amatly mümkinçilikleri döredýär hem-de olar halkara derejede ylmy esasda öwrenilip, giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle ylmy çözgütler bölek satuw nokatlarynyň esasy maliýe görkezijilerini kämilleşdirmäge ýardam etmek arkaly (mysal üçin, girdejini köpeltmek we çykdajylary azaltmak), müşderi hyzmatynyň has ýokary derejesini üpjün eder we şoňa laýyklykda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.
Esasy sözler
elektron söwda, söwda ulgamynda sanly hyzmatlar, onlaýn tehnologiýalar, sanly çözgütler.Edebiýatlar
"1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyk – bagtymyz. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021. Sah. 410.
2. NCR увеличивает долю на рынке касс самообслуживания. https://kiosksoft.ru/news/2023/08/24/ncr-uvelichivaet-dolyu-na-rynke-kass-samoobsluzhivaniya-87766."