SANLY GURŞAWYŇ BANK IŞINE ÝETIRÝÄN TÄSIRI: MEÝILLER, TÖWEKGELÇILIKLER WE TÄZE MÜMKINÇILIKLER
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Ylmy makalada sanly gurşawyň bank işine ýetirýän täsiri düýpli seljerilip, bank innowasiýalarynyň karz edaralarynyň wajyp maddy däl aktiwi hökmündäki ornunyň gapma-garşylykly häsiýete eýedigi ýüze çykaryldy, şeýle hem bank ekoulgamlarynyň işleýiş aýratynlyklary beýan edildi. Bank işine innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň banklaryň maliýe bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna täsir edýändigi we şol bir wagtda sanly bank hyzmatlarynyň wirtuallygy bilen tapawutlanýandygy sebäpli, olaryň bank töwekgelçilikleriniň täze alamatlaryny ýüze çykarýandygy aýdyňlaşdyryldy. Bank innowasiýalaryny ornaşdyrmagyň netijeliligini bahalandyrmagyň usulyýetiniň işlenip düzülmeginiň zerurlygy, şeýle hem täze bank töwekgelçilikleriň ýüze çykýandygyny göz öňünde tutmak bilen, bank işiniň maliýe netijelerini seljermegiň ähmiýeti açylyp görkezildi.


Esasy sözler
sanly gurşaw, maliýe hyzmatlarynyň bazary, bank töwekgelçilikleri, elektron täjirçilik, bank ulgamy, bankara bäsdeşlik, innowasiýa, sanly platforma, bank ekoulgamy, adaty bank amallary.
Awtor barada
Aýlar HOJANEPESOWA

TDYDI

Turkmenistan


Edebiýatlar

"1. Geldymuhammedowa O. Innowasiýalaryň bank hyzmatlarynyň bazaryna ýetirýän täsiri//Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş. 2024. №1. S. 12–15.

2. Taýharow B., Hojanepesowa A. Talyplara bankyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny öwretmek //Bilim. 2023. №6. S. 61–63.

3. Бубнова Ю. Б. Трансформация бизнес-модели банка в условиях цифровой экономики / Ю.Б. Бубнова // Известия Байкальского государственного университета. – 2019. – Т. 29, № 3. – С. 425–433. – DOI: 10.17150/2500-2759.2019.29(3).425–433.

4. Быканова Н. И., Соловей Ю. А., Гордя Д. В., Коньшина Л. А. 2020. Формирование экосистем банков в условиях цифровизации банковского пространства. Экономика. Информатика. 47 (1): 91 – 100. DOI:

5. Корсунова Н. Н. Влияние финансовых технологий на совершенствование банковского обслуживания корпоративных клиентов // Научно-технические ведомости СПбГПУ. Экономические науки. 2020. Т. 13, № 1. С. 31–42. DOI: 10.18721/JE.13103."