TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ NETIJELI GURALYDYR
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Makalada Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda milli bähbitlerimiziň geljekki mümkinçiliklerini kesgitlemek, ulag meselelerini düzgünleşdirýän halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hakyndaky meselelere garalýar. Häzirki wagtda Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde – gatnaw ýollarynyň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşmek bilen, köpugurly halkara ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek babatyndaky iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Bu makalada Türkmenistanyň iki yklymyň çatrygynda amatly ýerleşýän döwlet bolup, ýurdumyzda ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýanlygy, bu mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna milli ösüşiň ýokary derejede üpjün edilýänligi zerur maglumatlaryň esasynda beýan edilýär.


Esasy sözler
Türkmenistanyň ulag babatynda halkara başlangyçlary, halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleri, üstaşyr ýükleri daşamak, logistika infrastrukturasy, Hazar kontinental ýollaryň merkezi, Pars aýlagynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti.
Awtor barada
Perhat ÇARYÝEW

Turkmenistan


Edebiýatlar

"1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy (Jidda şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy iýuly) // “Türkmenistan” gazeti. 2023-nji ýylyň 20-nji iýuly.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitindäki çykyşy (2022-nji ýylyň 29-njy iýuny, Aşgabat şäheri) // “Türkmenistan” gazeti. 2022-nji ýylyň 30-njy iýuny.

3. ““Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň karary //Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 1, 2125-nji madda.

4. “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň karary //Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 7-8, 185-nji madda."