Ylmy makalada innowasiýalaryň we döredijiligiň durnukly ösüşi gazanmakdaky orny çuňňur seljerildi, şeýle hem kreatiw we innowasion ykdysadyýeti ösdürmek babatynda, adam maýasyna maýa goýulmagy, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň peýdalanylmagy hem-de hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýaly üç sany kesgitleýji ugra aýratyn üns berildi. Sanlylaşdyrmagyň işewürligi alyp barmagyň täze nusgalaryny emele getirmek, bilime bolan elýeterliligi gowulandyrmak hem-de telekeçilik işjeňligini höweslendirmek bilen, kreatiw we innowasion ykdysadyýetiň geljekki ösüşi üçin mümkinçilikleri açýandygy ýüze çykaryldy, şeýle hem kreatiw we innowasion ykdysadyýetiň geljekki ösüşiniň has inklýuziw, durnukly we depginli geljegi gurmakda möhümligi beýan edildi, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň: döwletiň, işewürligiň, raýat jemgyýetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň ykdysadyýetiň bu täze pudagynyň ösüşi üçin tagallalaryny birikdirmegiň zerurlygy bellenilip geçildi.
Özüniň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan bitaraplyk ýörelgesini saýlap aldy hem-de ony özüniň içeri we daşary syýasatynyň esasynda goýdy. Bu ýagdaý, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly ençeme Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň daşary syýasaty hökmünde bitaraplygyň dogry saýlanylyp alnandygyny görkezdi, sebäbi bitaraplyk syýasaty syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça döredijilikli netijeleri berdi, umuman, Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde esasy orny eýeledi. Mundan hem başga şol Kararnamalar soňky 30 ýylyň içinde bitaraplygyň türkmen modeliniň ähmiýetini güýçlendirdi, netijede, Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş dünýä bileleşiginiň hem gazanan üstünligine öwrüldi.
Tehnologiýalaryň ykdysadyýetiniň we tehnologik öňdebaryjylygyň ileri tutulýan döwründe, daşky gurşawy goramak, milli işläp taýýarlamalaryň önümçilik ulgamlarynyň ekologik görkezijilerine, «ýaşyl» ykdysady ulgamlaryň emele gelmegine ýetirýän täsiri bilen baglanyşykly meseleler ozalkysy ýaly möhüm bolup durýar. Ylmy-barlagyň maksady “ýaşyl” ykdysadyýetiň emele gelmeginiň hem-de Russiýada tehnologik özygtyýarlylygyň berkemeginiň arasyndaky kanunalaýyklyklary ýüze çykarmakdan ybarat. Geçirilen ylmy seljermede ulgamlaýyn, faktorlaýyn, statistiki we korrelýasion seljerme usullary ulanyldy. Ylmy barlagyň netijesinde şular kesgitlenildi: rus guramalarynyň tehnologik işjeňliginiň we üpjünçiliginiň ösüş meýilleri bilen häsiýetlendirilýänidigi hem-de Russiýanyň tehnologik ösüş strategiýasyna, tehnologik özygtyýarlylyk taslamalaryna we tehnologik öňdebaryjylyga ýetmek ugruna gabat gelýändigi; tehnologik işjeňligiň ösüşi sanly ykdysadyýetiň we önümçilik tehnologiýalarynyň ösüşi bilen şertlenýändigi; rus guramalarynyň tehnologik ösüşiniň ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk işleriniň netijeliligi hem-de döwletiň tehnologik we daşky gurşaw syýasatlarynyň maksatlarynyň bitewüligi barada aýtmaga mümkinçilik berýän «ýaşyl» ykdysady ulgamlaryň emele gelmeginiň görkezijileri bilen berk baglanyşygynyň bardygy.
Ylmy makalada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýetirýän oňyn täsiri açylyp görkezilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hukuk esaslaryny emele getirýän Birleşen Milletler Guramasynyň degişli kararnamalary we hereket edýän milli kanunçylygymyzyň aýrylmaz düzüm bölegi bolan hukuknamalar açylyp görkezilýär. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan gelip çykýan ykdysady ýörelgelerine esaslanýandygy delillendirilýär. Daşary ykdysady işiň döwletiň ykdysady kuwwatynyň we durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, onuň daşary söwda dolanyşygyna, esasan hem, eksport görkezijilerine laýyklykda bahalandyrylýandygyna üns berilýär. Ýurduň eksport görkezijisi bolsa, milli önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň beýany hökmünde kabul edilýär. Bu görkezijiniň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, döwletiň dünýä giňişligine işjeň goşulyşmagy möhüm şertleriň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýandygy, onuň many-mazmunyny has-da ynsanperwerlige we döredijilige ýugurýandygy beýan edilýär.
Maglumatlary seljermek, ykdysady çaklamalary ýerine ýetirmek, aragatnaşygy guramak, programma üpjünçiligini döretmek, prosesleriň modelini gurmak şu günki günde sanly gurşawyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Tehnologiýalaryň güýçli depginde ösýän häzirki döwründe – ykdysady maglumatlary seljermek mümkinçiliginiň ýokarlanýan döwründe integrirleme we seljerme usullaryna ylmy taýdan baha bermäge uly üns berilýär. Şol nukdaýnazardan ykdysady maglumatlaryň köpdürlüligini we maglumat akymlaryny toparlara bölmek hem-de aýratyn kriteriler boýunça seljermek üçin klaster usulyny ulanmak maksadalaýyk hasaplanýar. Ykdysady maglumatlary işläp taýýarlamakda uly maglumat akymlary bilen işlenilýär we ol ýerde maglumatlary birnäçe toparlara bölmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda maglumatlary derňemegiň, seljermegiň klaster usuly ulanylýar we bu usul seljerme geçirmegiň sanly tehnologiýasy bolup durýar. Ylmy makalada k-means (k-ortaça) usul boýunça seljermegiň algoritmi arkaly meňzeşlik görkezijisiniň matematiki formulasy görkezilýär, k-ortaça bahalandyrmak usuly boýunça “Ýewklodowo aralygy” kesgitlemek beýan edilýär, şeýle hem kompýuter programma toplumynyň mümkinçilikleri esasynda klaster seljermesini geçirmegiň tehnologiýasy beýan edilýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletdir. Ilkinji gezek Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda ýerleşýän dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasyna şol wagt agza bolup durýan 185 döwlet, gelip çykyşy boýunça “ykrar edilen”, görnüşi boýunça “baky”, manysy boýunça “oňyn” häsiýete eýe bolan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly 50/80 belgili Kararnamany biragyzdan goldady. Bu taryhy halkara-hukuk resminamasyna 25 sany döwlet awtordaş boldy. Şunlukda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilmegi Türkmen Bitaraplygynyň, parahatçylyksöýüjilikli diplomatiýanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ýokary ykrarynyň nobatdaky güwäsidir [1]. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy wakalaryň sanawyna goşular [6]. Ýaşlar telekeçiligi islendik ýurtda durmuşykdysady ösüşi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň döwlet Bitaraplygy ýurduň daşary syýasy doktrinasy hökmünde ýaşlar telekeçiliginiň hereket edýän ykdysady gurşawyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.
Ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, öňi bilen ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesine eýerip kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasynyň kemala gelmegine mümkinçilik berýär. Ýurduň Bitaraplylyk syýasaty ykdysady ösüşi höweslendirýän, täze iş ýerlerini döredýän we ösen tehnologiýalaryň we tejribäniň geçirilmegini ýeňilleşdirýän energiýa, ulag we aragatnaşyk ýaly esasy ykdysady pudaklara göni daşary ýurt maýagoýumlarynyň gelmegini aňsatlaşdyrýar. Bitaraplyk durnukly ösüş üçin amatly şertleri döredýär. Durnuklylyk, maýagoýumlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, söwdany ýeňilleşdirmek, içerki önümçiligiň ösüşine ünsi jemlemek mümkinçiligini artdyrmak we araçy wezipesini ýerine ýetirmek ýaly faktorlar esasynda bitaraplyk ýurduň uzakmöhletli ykdysady gülläp ösmegine möhüm goşant goşar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir daşary syýasaty saýlamak däl, eýsem, ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin güýçli guraldyr. Ýurduň Bitaraplygy durnukly we ygtybarly gurşaw döredýär, maýagoýumlary özüne çekýär we halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär, içerki ösüşe ünsi jemlemäge we halkara gepleşiklerde işjeň orny eýelemäge mümkinçilik berýär.
Dünýä tejribesinde bazar ykdysadyýeti köpsanly modeliniň görnüşlerine bagly bolmazdan, döwlet kadalaşdyrmasy bilen üsti ýetirilýän hojalykdyr. Bazar gatnaşyklarynyň gurluşynda hem-de döwlet kadalaşdyrylyşynda kärhananyň maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmaga uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem takyk ýörelgeler esasynda netijeli dolandyryş bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegidir we şol bir wagtda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagynyň möhüm guralydyr. Kärhananyň maliýe serişdeleri, kärhanany dolandyrmagyň kämil nusga eýe bolmagyna, olaryň işiniň netijeliligine baha bermäge we jemgyýetde ykdysady prosesleri höweslendirmäge kuwwatly itergi berýär. Diýmek, kärhananyň wajyp strategiki wezipesi, innowasion ykdysadyýetde maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmagyň hem-de olaryň ýurduň maliýe ulgamyna oňyn täsir etmeginiň hasabyna milli ykdysadyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan ybaratdyr.