TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ÝAŞLAR TELEKEÇILIGINI ÖSDÜRMEKDÄKI ORNY
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletdir. Ilkinji gezek Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda ýerleşýän dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasyna şol wagt agza bolup durýan 185 döwlet, gelip çykyşy boýunça “ykrar edilen”, görnüşi boýunça “baky”, manysy boýunça “oňyn” häsiýete eýe bolan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly 50/80 belgili Kararnamany biragyzdan goldady. Bu taryhy halkara-hukuk resminamasyna 25 sany döwlet awtordaş boldy. Şunlukda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilmegi Türkmen Bitaraplygynyň, parahatçylyksöýüjilikli diplomatiýanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ýokary ykrarynyň nobatdaky güwäsidir [1]. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy wakalaryň sanawyna goşular [6]. Ýaşlar telekeçiligi islendik ýurtda durmuşykdysady ösüşi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň döwlet Bitaraplygy ýurduň daşary syýasy doktrinasy hökmünde ýaşlar telekeçiliginiň hereket edýän ykdysady gurşawyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. 

Esasy sözler
bitaraplyk, ýaşlar telekeçiligi, döwlet goldawy, ýaşlar syýasaty, ýaşlar telekeçiliginiň ösüşiniň şertleri, döwlet maksatnamalary.
Awtor barada
Nurýagdy Aýnazarow

Turkmenistan

uly mugallym


Edebiýatlar

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany. – A.: TDNG, 2020.

2. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny //Türkmenistanyň Milli   Geňeşiniň Maglumatlary. – № 3, – 2022, 85-nji madda.

3. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”. – A.: A.: TDNG, 2022.

4. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”. – A.: TDNG,  2022.

5. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary //Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy. – № 1,– 2021,  1754-nji madda.

6. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly KARARNAMASY// Turkmenistan: 2025-nji ýylyň 24-nji marty.

7. Türkmenistan tarapyndan BSG-e goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň alynmagy barada Ženewadan maglumat// 2022-nji ýylyň 24-nji fewraly. https://mfa. gov.tm/tk/news/3038. 8. Youth Entrepreneurship in Europe: Values, Attitudes, Policies. Eurofound, 2017.