BITARAPLYK – TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLARYNYŇ ESASY
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Ylmy makalada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýetirýän oňyn täsiri açylyp görkezilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hukuk esaslaryny emele getirýän Birleşen Milletler Guramasynyň degişli kararnamalary we hereket edýän milli kanunçylygymyzyň aýrylmaz düzüm bölegi bolan hukuknamalar açylyp görkezilýär. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan gelip çykýan ykdysady ýörelgelerine esaslanýandygy delillendirilýär. Daşary ykdysady işiň döwletiň ykdysady kuwwatynyň we durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, onuň daşary söwda dolanyşygyna, esasan hem, eksport görkezijilerine laýyklykda bahalandyrylýandygyna üns berilýär. Ýurduň eksport görkezijisi bolsa, milli önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň beýany hökmünde kabul edilýär. Bu görkezijiniň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, döwletiň dünýä giňişligine işjeň goşulyşmagy möhüm şertleriň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýandygy, onuň many-mazmunyny has-da ynsanperwerlige we döredijilige ýugurýandygy beýan edilýär.

Esasy sözler
Hemişelik Bitaraplyk, ynsanperwer syýasat, daşary ykdysady syýasat, ykdysady ýörelge, dünýä ykdysady giňişligi, diwersifikasiýa, sanly ykdysadyýet, innowasiýa ykdysadyýeti, eksport, daşary söwda
Awtor barada
Nurjahan Atalyýewa

Turkmenistan

Türkmenistan Döwlet Maliýe Institutynyň esasy hünärmeni


Edebiýatlar

1. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary. № 4, 1995, 54-nji madda.

2. “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary // Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy. № 12, 2019, 1349-njy madda.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.