DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE BITARAPLYGYŇ ÄHMIÝETI
Doly tekst
Gysgaça beýany
Ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, öňi bilen ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesine eýerip kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasynyň kemala gelmegine mümkinçilik berýär. Ýurduň Bitaraplylyk syýasaty ykdysady ösüşi höweslendirýän, täze iş ýerlerini döredýän we ösen tehnologiýalaryň we tejribäniň geçirilmegini ýeňilleşdirýän energiýa, ulag we aragatnaşyk ýaly esasy ykdysady pudaklara göni daşary ýurt maýagoýumlarynyň gelmegini aňsatlaşdyrýar. Bitaraplyk durnukly ösüş üçin amatly şertleri döredýär. Durnuklylyk, maýagoýumlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, söwdany ýeňilleşdirmek, içerki önümçiligiň ösüşine ünsi jemlemek mümkinçiligini artdyrmak we araçy wezipesini ýerine ýetirmek ýaly faktorlar esasynda bitaraplyk ýurduň uzakmöhletli ykdysady gülläp ösmegine möhüm goşant goşar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir daşary syýasaty saýlamak däl, eýsem, ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin güýçli guraldyr. Ýurduň Bitaraplygy durnukly we ygtybarly gurşaw döredýär, maýagoýumlary özüne çekýär we halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär, içerki ösüşe ünsi jemlemäge we halkara gepleşiklerde işjeň orny eýelemäge mümkinçilik berýär.
Esasy sözler
hemişelik bitaraplyk, “halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, jemi içerki önüm, durnukly ösüş, ykdysady ösüş, diwersifikasiýa, maýagoýum.Awtor barada
Babamyrat TaganowTDYDI
Turkmenistan
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy
Edebiýatlar
1. Serdar Berdimuhamedow. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: durnukly ösüşiň milli nusgasy. Türkmenistan: 2021-nji ýylyň 23 sentýabry. № 243.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy. – A.: TDNG, 2022.
3. Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy. – A.: TDNG, 2024.