KREATIW WE INNOWASION YKDYSADYÝET DURNUKLY ÖSÜŞIŇ FAKTORY HÖKMÜNDE
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Ylmy makalada innowasiýalaryň we döredijiligiň durnukly ösüşi gazanmakdaky orny çuňňur seljerildi, şeýle hem kreatiw we innowasion ykdysadyýeti ösdürmek babatynda, adam maýasyna maýa goýulmagy, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň peýdalanylmagy hem-de hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýaly üç sany kesgitleýji ugra aýratyn üns berildi. Sanlylaşdyrmagyň işewürligi alyp barmagyň täze nusgalaryny emele getirmek, bilime bolan elýeterliligi gowulandyrmak hem-de telekeçilik işjeňligini höweslendirmek bilen, kreatiw we innowasion ykdysadyýetiň geljekki ösüşi üçin mümkinçilikleri açýandygy ýüze çykaryldy, şeýle hem kreatiw we innowasion ykdysadyýetiň geljekki ösüşiniň has inklýuziw, durnukly we depginli geljegi gurmakda möhümligi beýan edildi, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň: döwletiň, işewürligiň, raýat jemgyýetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň ykdysadyýetiň bu täze pudagynyň ösüşi üçin tagallalaryny birikdirmegiň zerurlygy bellenilip geçildi.


Esasy sözler
kreatiw we innowasion ykdysadyýet, durnukly ösüş, sanly infrastruktura, innowasion ekoulgam, adam maýasy, maýagoýum gurşawy, sanly endikler, diwersifikasiýa, sanly özgertmeler, bäsdeşlige ukyplylyk.
Awtor barada
Narine Saakyan

Turkmenistan

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili


Edebiýatlar

.