
Ýurdumyzda bar bolan dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma harytlary üçin ulanylýan çig mallaryň görnüşlerini, möçberlerini artdyrmak netijesinde tebigy we himiki süýümleri garyşdyrmak arkaly täze isleg ödeýiş häsiýetli dokma harytlaryny öndürmek boýunça seljermeleri geçirmek hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri taýýarlamak.
Makalada bilim we saglygy goraýyş ulgamynda döwlet çykdajylarynyň paýlanyşyny, şeýle-de monetar garyplyk şertlerinde bolan şahsyýetleriň ýada öý hojalygynyň bu hyzmatlardan we töleglerden alýan peýdasyna baha bermek üçin döwletiň göni pul hem-de natural transfertlerini seljermegiň halkara usulyýetine esaslanýan, Durnukly ösüş maksatlarynyň 1.b.1 “Ilatyň az girdejili gatlagy üçin döwlet durmuş çykdajylary” milli görkezijilerini hasaplamagyň usulyýet çemeleşmeleri hödürlenilýär. Görkezijini hasaplamak üçin esasy adalgalaryň, usullaryň we statistik maglumatlaryň çeşmeleriniň kesgitlemeleri teklip edilýär. Bu iş Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNPFA) halkara tehniki kömek “Belarus Respublikasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek we lokallaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek” boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäginde geçirildi.
Makalada Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşinde intellektual bilim tehnologiýalarynyň ornuna seredilýär. Ýurtda sanly bilimiň ösmegi bilen, okatmagyň hili we ilatyň giň gatlagy, şol sanda az ilatly, barmasy kyn we uzakda ýerleşýän ilatly ýerler üçin bilim gorlaryna elýeterlilik ep-esli gowulanýar. Makalada adaptiw okatmak, maşyn öwrenişi we prediktiw seljeriş ýaly intellektual bilim tehnologiýalarynyň zähmet öndürijiligini we hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenilýär, şeýle hem okuw prosesiniň şahsylaşdyrylmagyna gönükdirilen bu tehnologiýalar olary häzirki zaman sanly ykdysadyýetiň talaplaryna uýgunlaşdyryp, ähli okaýanlara zerur endikleri emele getirmegiň ugurlary barada beýan edilýär. Bulardan başga-da şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilime elýeterliligi gowulandyrýar we inklýuziw ykdysady ösüşi goldaýar, bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we bäsdeşlige ukyplylygy üçin örän wajypdyr.
Ýaşyl ykdysadyýet bu durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýan we daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga, çeşmeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we durmuş taýdan deňligi öňe sürmäge çalyşýan ykdysady ösüş çemeleşmesidir. Muňa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary we innowasiýalary goldamak, şol sanda uglerod zyňyndylaryny azaltmak we tebigy baýlyklary dolandyrmagy gowulandyrmak üçin telekeçilikde we sarp edijilerde ykdysady höwes döretmek hem degişli bolup durýar. Ýaşyl ykdysadyýete geçiş daşky gurşawa zyýan bermezden, uzak möhletli ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär. Bu makalada bu düşünjäniň esasy mazmuny we ýaşyl ykdysadyýetiň esasy ýörelgelerini durnukly ösüş üçin ulanmagyň mümkinçilikleri beýan edilýär.
Dünýäde tebigy serişdeleriň paýlanylyşy gyradeň däldir. Tebigy serişdeleriň çäklidigini göz öňünde tutup, dünýä döwletleri tebigy serişdeleri özleşdirmek, gaýtadan işlemek we gorlardan bilelikde peýdalanmak ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze nusgalaryny döredýärler. Olaryň hatarynda galyndysyz ykdysadyýetiň nusgasy mynasyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini Türkmenistan döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm wezipeleriniň biri hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy makalada galyndysyz ykdysadyýetiň ýüze çykmagy, onuň nazaryýet esaslary, aýry-aýry döwletleriň tejribesi hemde Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlary we milli tejribesi beýan edilýär.
Döwletiň ykdysadyýetini kadalaşdyrmakda salgyt ulgamy aýratyn orny eýeleýär we ýurdy ösdürmekde esasy gurallaryň biri bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň salgytlar arkaly kadalaşdyrylmagy täze salgytlary bellemek ýa-da hereket edýän salgyt kanunçylygyna üýtgeşmeleri girizmek arkaly amala aşyrylýar. Salgyt töleýjileri, salgyt salynýan binýatlary, salgyt özenini, möçberini we ýeňilliklerini, salgytlary hasaplamagyň tertibini kesgitlemek bilen, döwlet milli bähbitlerden ugur alyp, telekeçiligi we maýa goýum işlerini höweslendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek maksady bilen, salgyt ulgamy işjeň döwrebaplaşdyrylýar. Salgyt ulgamyny kämilleşdirmek döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmegine we raýatlarymyzyň durmuş şertleriniň has hem ýokarlanmagyna ýardam berer.
Bu makala durnukly ösüşi gazanmak üçin amaly gural hökmünde galyndysyz ykdysadyýet konsepsiýasyna bagyşlanýar. Durnukly ösüşiň, galyndysyz ykdysadyýetiň we gaýtadan işlemegiň esasy düşünjeleri, galyndysyz ykdysadyýetiň ýörelgeleri barada anyk maglumatlar görkezilýär, ýagny adaty modelden galyndysyz modele geçmek, serişdeleri dikeltmek we gaýtadan ulanmak, galyndysyz tehnologiýalar, şeýle hem ekologik zyýanyň düýp manysy: suwuň, howanyň we topragyň hapalanmagy, serişdeleriň azalmagy, biodürlülige we adamyň saglygyna howp salýan maglumatlar barada beýan edilýär.