
ÝAŞYL YKDYSADYÝET: TARYH, TEJRIBE WE MÜMKINÇILIKLER
Doly tekst
Gysgaça beýany
Ýaşyl ykdysadyýet bu durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýan we daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga, çeşmeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we durmuş taýdan deňligi öňe sürmäge çalyşýan ykdysady ösüş çemeleşmesidir. Muňa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary we innowasiýalary goldamak, şol sanda uglerod zyňyndylaryny azaltmak we tebigy baýlyklary dolandyrmagy gowulandyrmak üçin telekeçilikde we sarp edijilerde ykdysady höwes döretmek hem degişli bolup durýar. Ýaşyl ykdysadyýete geçiş daşky gurşawa zyýan bermezden, uzak möhletli ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär. Bu makalada bu düşünjäniň esasy mazmuny we ýaşyl ykdysadyýetiň esasy ýörelgelerini durnukly ösüş üçin ulanmagyň mümkinçilikleri beýan edilýär.
Esasy sözler
derňew, usul, gözleg, ýaşyl ykdysadyýet, menejment, durnukly ösüş.Edebiýatlar
1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.
2. Green Circular Economy. A New Paradygm for Sustainable Development, Pardeep Singh and others. – 2023.
3. Principles of Bioeconomics. Venkatesh.C Pande – 2023.
4. Emissions Gap Report, United Nations Environment Programme and Copenhagen Climate Center – 2024. 5. World Investment Report, UNCTAD – 2024.