SALGYT SALMAGYŇ ÝÖRELGELERI WE OLAR BARADAKY GARAÝYŞLAR
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Döwletiň ykdysadyýetini kadalaşdyrmakda salgyt ulgamy aýratyn orny eýeleýär we ýurdy ösdürmekde esasy gurallaryň biri bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň salgytlar arkaly kadalaşdyrylmagy täze salgytlary bellemek ýa-da hereket edýän salgyt kanunçylygyna üýtgeşmeleri girizmek arkaly amala aşyrylýar. Salgyt töleýjileri, salgyt salynýan binýatlary, salgyt özenini, möçberini we ýeňilliklerini, salgytlary hasaplamagyň tertibini kesgitlemek bilen, döwlet milli bähbitlerden ugur alyp, telekeçiligi we maýa goýum işlerini höweslendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek maksady bilen, salgyt ulgamy işjeň döwrebaplaşdyrylýar. Salgyt ulgamyny kämilleşdirmek döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmegine we raýatlarymyzyň durmuş şertleriniň has hem ýokarlanmagyna ýardam berer.

Esasy sözler
salgyt salmak, salgyt ulgamy, salgyt syýasaty, salgyt kanunçylygy, salgyt ýörelgesi, salgyt hukuk gatnaşyklary, ykdysady binýat.
Awtor barada
Söhbet Wekilow

TDYDI

Turkmenistan


Edebiýatlar

1. Serdar Berdimuhamedow. Ýaşlar – Watanyň daýanjy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. I tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.

3. Смит А. Исследование о природе и причинах богатства народов. – М.: Эксмо, 2007.

4. Wekilow S. Salgyt salmagyň ýörelgelerine degişli garaýyşlaryň ylmy seljermesi. Altyn Asyryň ykdysadyýeti. №2, 2017.