
GALYNDYSYZ YKDYSADYÝET: NAZARYÝET, KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK WE MILLI TEJRIBE
Doly tekst
Gysgaça beýany
Dünýäde tebigy serişdeleriň paýlanylyşy gyradeň däldir. Tebigy serişdeleriň çäklidigini göz öňünde tutup, dünýä döwletleri tebigy serişdeleri özleşdirmek, gaýtadan işlemek we gorlardan bilelikde peýdalanmak ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze nusgalaryny döredýärler. Olaryň hatarynda galyndysyz ykdysadyýetiň nusgasy mynasyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini Türkmenistan döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm wezipeleriniň biri hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy makalada galyndysyz ykdysadyýetiň ýüze çykmagy, onuň nazaryýet esaslary, aýry-aýry döwletleriň tejribesi hemde Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlary we milli tejribesi beýan edilýär.
Esasy sözler
galyndysyz ykdysadyýet, durnukly ösüş, Birleşen Milletler Guramasy, çyzykly ykdysadyýet, strategiýa, galyndysyz önümçilik, ekologiýa, ýaşyl ykdysadyýet, innowasiýa.Edebiýatlar
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.
2. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.
3. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.
4. McDonough W., Braungart M. Cradle to Cradle: Remaking the Way We Make ings. North Point Press. 2002. 5. Pearce D.W., Turner R.K. Economics of Natural Resources and the Environment. Johns Hopkins University Press. 1990.