
YKDYSADYÝETIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINDE INTELLEKTUAL BILIM TEHNOLOGIÝALARYNYŇ ORNY
Doly tekst
Gysgaça beýany
Makalada Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşinde intellektual bilim tehnologiýalarynyň ornuna seredilýär. Ýurtda sanly bilimiň ösmegi bilen, okatmagyň hili we ilatyň giň gatlagy, şol sanda az ilatly, barmasy kyn we uzakda ýerleşýän ilatly ýerler üçin bilim gorlaryna elýeterlilik ep-esli gowulanýar. Makalada adaptiw okatmak, maşyn öwrenişi we prediktiw seljeriş ýaly intellektual bilim tehnologiýalarynyň zähmet öndürijiligini we hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenilýär, şeýle hem okuw prosesiniň şahsylaşdyrylmagyna gönükdirilen bu tehnologiýalar olary häzirki zaman sanly ykdysadyýetiň talaplaryna uýgunlaşdyryp, ähli okaýanlara zerur endikleri emele getirmegiň ugurlary barada beýan edilýär. Bulardan başga-da şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilime elýeterliligi gowulandyrýar we inklýuziw ykdysady ösüşi goldaýar, bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we bäsdeşlige ukyplylygy üçin örän wajypdyr.
Esasy sözler
intellektual bilim tehnologiýalary, sanly bilim, durnukly ösüş, adaptiw okatmak, maşyn öwrenişi, prediktiw seljeriş, inklýuziw ösüş, hünär taýýarlygy, sanly ykdysadyýet.Edebiýatlar
1. Петрова Е.А. (2016). Мировой опыт использования информационных и коммуникативных технологий и их влияние на образовательный процесс. International scienti c review, (7 (17)), 80-82.
2. Шендрикова С. П., Скулкин А.А. (2020). Мировой и отечественный опыт использования информационных технологий в дополнительном образовании. Гуманитарные науки, (1 (49)), 64-73.
3. Национальный исследовательский университет «Высшая школа экономики». (б. д.). Тенденции в образовании 2025. Институт образования ВШЭ. Дата обращения: 7 ноября 2024, из https://ioe.hse.ru/innovations/trends2025_an
4. Burmistrova N., Simonova N., Kalnitskaya I., Ivanova E., & Shmakova A. (2019). Smart-education as the factor of sustainable development. Advances in Social Science, Education and Humanities Research, 331, 148-151. Atlantis Press. https://doi.org/10.2991/ ISMGE-19.2019.29
5. Lyons R. (2017). Economics of the Ed Tech Revolution. California Management Review, 59(4), 49-55.
6. Petrova M., Buzko I., & Dyachenko Y. (2018). Cognitive, intelligence technologies and economic foundations of teaching of international economic relations and tourism. Proceedings of the Engineering for Rural Development Conference, 1102-1106. https://doi.org/10.22616/ERDev2018.17.N170.