TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA AGZA BOLMAGYNYŇ DOKMA SENAGATYNYŇ ÖSÜŞINE TÄSIRI
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
7-9

Makalada Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagynyň milli senagatyň esasy düzüm gurluşlarynyň biri bolan dokma senagatynyň ykdysady ösüşine ýetirjek täsiri seljerilýär. Bütindünýä söwda guramasynyň tagallalary bilen 2005-nji ýyldan başlap, dünýä bazaryndaky dokma we egin-eşik importyna garşy ulanylýan çäklendirmeleriň aradan aýrylmagy bilen, bu bazarda bäsdeşlik göreşi has güýçlendi. Türkmenistanda dokma pudagyny halkara derejesine we kadalaryna laýyk getirmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylmagynyň binýadynda, ýurdumyzyň öňdebaryjy dokma kärhanalary ISO 9001, 9002, 14001 we OHSAS 18001 ýaly halkara sertifikatlaryna mynasyp boldular. Şu ýagdaý hem, milli dokma pudagynyň önümleriniň dünýä bazarynda ýiti bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarydygy babatynda netije çykarmaga mümkinçilik berýär.


ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMALARYNYŇ INNOWASION IŞINIŇ NETIJELILIGINI ÝOKARLANDYRMAGYŇ UGURLARY
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
10-16

Makala ykdysadyýetiň sanly özgertmeleri, kiber töwekgelçilikleriň artmagy hem-de ätiýaçlandyryş bazarynda gurluş üýtgemeleri şertlerinde ätiýaçlandyryş guramalarynyň innowasion işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin nazary-usulyýet we amaly çemeleşmeleriň işlenip düzülmegine bagyşlanandyr. Bu işde ätiýaçlandyryş ekoulgamlaryny we platforma modellerini (şol sanda P2P) ösdürmegiň, anderraýtingi kämilleşdirmek üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň (Big Data, IoT, telematika), töwekgelçilikleri we müşderä gönükdirilen ätiýaçlandyryş önümlerini dolandyrmagyň zerurlygy esaslandyrylandyr.


DÖWLET BÝUJETI – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MALIÝE GURALY
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
17-21

Makalada döwlet býujetiniň durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekdäki orny görkezilýär. Adam maýasyna goýulýan maýa goýumlaryň we býujet-salgyt syýasatynyň ähmiýeti, girdejileriň öz wagtynda toplanylyşy hem-de çykdajylarynyň durmuş ulgamyna sarp edilýändigi beýan edilýär.


TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
22-25

Häzirki zaman dünýä hojalygynda ykdysady gatnaşyklaryň bitewüleşmeginde Bütindünýä Söwda Guramasy merkezi orny eýeleýär. Bu makalada Türkmenistanyň ykdysadyýetini dünýä bazary bilen sazlaşykly ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we halkara söwda-hukuk kadalaryny işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary giňişleýin seljerilýär. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy ýurduň baý tebigy-energetiki serişdelerine, logistik, geografik mümkinçiliklerine we bazar gatnaşyklarynyň durnukly ösüş modeline esaslanýar. Munuň özi Bütindünýä Söwda Guramasy bilen ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlyk saklamagynyň ykdysady taýdan netijeli ugurlaryny ylmy taýdan has içgin öwrenmekligiň wajyplygyny delillendirýär. Bu makalada Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň aýratynlyklary we bu hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşinde strategik ugur hökmünde ileri tutulýandygy ylmy esasda açylyp görkezilýär.


YKDYSADY HADYSALARY ÇAKLAMAKDA WE DOLANDYRMAKDA EKONOMETRIKI USULLARYŇ ÄHMIÝETI
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
26-28

Makalada ykdysady hadysalary seljermekde, çaklamakda we netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmekde ekonometriki usullaryň tutýan orny seljerilýär. Işde üýtgeýän ululyklaryň arasyndaky çyzykly baglanyşygyň derejesini we ugruny kesgitleýän kowariasiýa hem-de korrelýasiýa seljermeleriniň ylmy ähmiýeti öwrenilýär. Nazaryýet nukdaýnazaryndan, bu görkezijileriň ykdysady çaklamalaryň takyklygyny ýokarlandyrmakdaky we töwekgelçilikleri dolandyrmakdaky hyzmaty beýan edilýär.


DEMIR ÝOL ULAGY ARKALY DAŞALÝAN ÝÜKLERIŇ YKDYSADY NETIJELILIGI
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
29-31

Bu makala ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde demir ýol ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberleriniň artyşynyň aýratynlyklaryna, demir ýol ulagy pudagynyň ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň netijeli işlemegine we olaryň özara baglanyşygynyň üpjün edilmegine ýetirýän täsirini seljermeklige bagyşlanan. Makalada demir ýol ulagy arkaly daşalýan ýükleriň ykdysady netijeliligini beýan etmek üçin ýörite düzülen kadalaýyn görkezijilerden we degişli usulyýetlerden peýdalanyldy. Bu seljermeleriň esasynda demir ýol ulagy arkaly ýük daşamagyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň içerki ýük dolanyşygynyň barha artjakdygy, serhetdeş döwletleriň arasynda ýük daşamakda birek-birek bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň pugtalanjakdygy esaslandyryldy.


MALIÝE BAZARLARYNYŇ PUL DOLANYŞYGYNY DÜZGÜNLEŞDIRMEGIŇ STRATEGIK ÄHMIÝETI
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
32-36

Bu ylmy makalada maliýe bazarynyň pul serişdeleriniň netijeli paýlanylmagyndaky we ykdysady subýektleriň arasyndaky baglanyşygy üpjün etmekdäki merkezi orny seljerilýär. Şeýle hem, maliýe bazarynyň erkin pul serişdelerini maýa goýuma öwürmek arkaly önümçiligiň işjeňligine we innowasiýalary maliýeleşdirmäge hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine ýetirýän täsiri ylmy taýdan esaslandyrylýar. Döwlet we hususy ulgamlaryň bähbitlerini utgaşdyrmak arkaly makroykdysady durnuklylygy gazanmagyň mehanizmleri beýan edilýär.


SANLY YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEKDE ELEKTRON SÖWDANYŇ MÜMKINÇILIKLERI
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
37-39

Makala sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde söwdanyň döwrebap görnüşi bolan – elektron söwdanyň amala aşyrylyş tapgyrlarynyň we ony ornaşdyrmagyň dünýä tejribesiniň ylmy taýdan seljerilişine bagyşlanýar. Şeýle hem bu ugry kämilleşdirmekde halkara standartlarynyň dürli usullarynyň aýratynlyklary beýan edilýär. Şonuň netijesinde bolsa, elektron söwdanyň has-da ösdürilmegi esasynda onuň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrylmagy bilen, ýurdumyzyň söwda ulgamynda mundan beýläk-de uly ösüşleriň gazanylmagyna we ýurtda ykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine oňyn ýardam etjekdigi nazary taýdan esaslandyrylýar.