TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI
Doly tekst
Gysgaça beýany
Häzirki zaman dünýä hojalygynda ykdysady gatnaşyklaryň bitewüleşmeginde Bütindünýä Söwda Guramasy merkezi orny eýeleýär. Bu makalada Türkmenistanyň ykdysadyýetini dünýä bazary bilen sazlaşykly ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we halkara söwda-hukuk kadalaryny işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary giňişleýin seljerilýär. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy ýurduň baý tebigy-energetiki serişdelerine, logistik, geografik mümkinçiliklerine we bazar gatnaşyklarynyň durnukly ösüş modeline esaslanýar. Munuň özi Bütindünýä Söwda Guramasy bilen ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlyk saklamagynyň ykdysady taýdan netijeli ugurlaryny ylmy taýdan has içgin öwrenmekligiň wajyplygyny delillendirýär. Bu makalada Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň aýratynlyklary we bu hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşinde strategik ugur hökmünde ileri tutulýandygy ylmy esasda açylyp görkezilýär.
Esasy sözler
ykdysadyýet, eksport, maýa goýum, Bütindünýä Söwda Guramasy, durnukly ösüş, tehnologiýa, giňişlik.Edebiýatlar
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy. – A.: TDNG, 2015.
2. Geldymuhammedowa O. we başg., Halkara guramalar we integrasiýalar. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: TDNG, 2019.
3. Ýaraşow Y., Türkmenistan – Bütindünýä Söwda Guramasy: ösüşe barýan ýol. // Türkmenistan. 04.11.2023.
4. Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy. // Nýu-Ýork, 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabry (TDH).