TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA AGZA BOLMAGYNYŇ DOKMA SENAGATYNYŇ ÖSÜŞINE TÄSIRI
Doly tekst
Gysgaça beýany
Makalada Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagynyň milli senagatyň esasy düzüm gurluşlarynyň biri bolan dokma senagatynyň ykdysady ösüşine ýetirjek täsiri seljerilýär. Bütindünýä söwda guramasynyň tagallalary bilen 2005-nji ýyldan başlap, dünýä bazaryndaky dokma we egin-eşik importyna garşy ulanylýan çäklendirmeleriň aradan aýrylmagy bilen, bu bazarda bäsdeşlik göreşi has güýçlendi. Türkmenistanda dokma pudagyny halkara derejesine we kadalaryna laýyk getirmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylmagynyň binýadynda, ýurdumyzyň öňdebaryjy dokma kärhanalary ISO 9001, 9002, 14001 we OHSAS 18001 ýaly halkara sertifikatlaryna mynasyp boldular. Şu ýagdaý hem, milli dokma pudagynyň önümleriniň dünýä bazarynda ýiti bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarydygy babatynda netije çykarmaga mümkinçilik berýär.
Esasy sözler
Bütindünýä söwda guramasy, bäsdeşlige ukyplylyk, diwersifikasiýa, dokma senagaty, dünýä bazary, eksport, hil standartlary, senagat önümleri, söwda strategiýasy, söwda ylalaşyklary.Edebiýatlar
"1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. – A.,
2023.
2. «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň karary // Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 2, 1832-nji madda.
3. Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri 2024 ý. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti. – Aşgabat,
2025.
4. Смбатян Анаит Сергеевна. Генеральное Соглашение по тарифам и торговле 1994 в системе многосторонних торговых соглашений ВТО // Российский внешнеэкономический вестник.
2019. №3.
5. https://unctad.org/news/global-trade-hits-record-33-trillion-2024-driven-services-and-developing-economies
6. Мировой рынок текстиля 2025: анализ, тренды и прогноз // https://luminorica. dev/2025/08/06/mirovoj-rynok-tekstilya-2025-analiz-trendy-i-prognoz/"