
Ylmy makalada innowasiýalaryň bank hyzmatlarynyň bazaryna ýetirýän täsiri düýpli seljerilip, bank innowasiýa düşünjesine ykdysatçy alymlar tarapyndan berlen kesgitlemeleriň esasynda bank innowasiýasy düşünjesiniň manysy we mazmuny aýdyňlaşdyryldy, şeýle hem bank innowasiýalarynyň görnüşleri giňişleýin öwrenildi. Innowasiýalary ornaşdyrmagyň banklaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna täsir edýändigi we şol bir wagtda, innowasion bank hyzmatlarynyň ýokary tizligi bilen tapawutlanýandygy sebäpli, olaryň bank töwekgelçilikleriniň täze alamatlaryny ýüze çykarýandygy aýdyňlaşdyryldy. Bank hyzmatlarynyň bazaryna innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, bankyň innowasion ösüş strategiýasynyň esasynda birnäçe tapgyrda, meýilnamalaşdyrylan görnüşde ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti açylyp görkezildi.
Durnukly ösüş nazaryýeti düşünjesi «sustainable development» diýen iňlis sözünden gelip çykýar. «Sustainable» sözi türkmen diline geçireniňde «durnukly, uzak möhletli, üznüksiz ösüş» diýen manylary aňladýar. Durnukly
ösüşi gazanmak baradaky alnyp barylýan işleriň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda giňişleýin suratlandyrylýar.
Türkmenistan döwletimizde alnyp barylýan ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge we onuň mundan beýläk hem dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda çuňňur oýlanyşykly hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir durnukly we yzygiderli ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ýagdaýyň üýtgemegine uýgunlaşmagy hem üpjün etdi.
Salgyt syýasaty döwletiň geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm düzüm bölegidir. Salgyt syýasaty – bu döwletiň öz öňünde duran maksatlaryny amala aşyrmagyň ugurlary bolup, bu salgytlaryň üsti bilen ykdysadyýeti kadalaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreleriň toplumydyr. Ykdysadyýetiň ösüşini üpjün etmek, jemgyýetiň durmuş müşgillerini ilerletmek, döwletiň ykdysadyýete täsir etmekde onuň ygtyýarynda bar bolan gurallarynyň ählisiniň ulanylmagyny talap edýär. Şol gurallaryň biri-de döwletde alnyp barylýan salgyt syýasatydyr. Şu nukdaýnazardan, geçirilýän salgyt syýasatynyň oňyn bolmagyny gazanmak ykdysady ylmyň wajyp meseleleriniň biridir. Makalada halkara salgyt tejribesinde ulanylýan salgyt syýasatynyň görnüşlerine seredilip geçilýär. Ýurtda geçirilýän salgyt syýasatynyň döwletiň ykdysadyýete täsir edişiniň derejesini, häsiýetini we maksatlaryny kesgitleýändigi hem-de salgyt syýasatynyň döwletiň salgytlar babatynda geçirýän çäreler ulgamydygy we maliýe syýasatynyň düzüm bölegidigi beýan edildi.
Dünýäde ylmyň we tehnologiýalaryň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Innowasion tehnologiýalaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň ählumumy sanly ykdysady ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny gazanmak, işewürligiň täze görnüşlerini ösdürmek, durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşini üpjün etmek, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze döwrebap iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.
Häzirki zaman dünýäsinde maliýe tehnologiýalary («FinTech») ykdysady ösüşe itergi berýän möhüm faktor bolup durýar. Bu tehnologiýalar tranzaksiýalary amala aşyrmagyň, maliýe hyzmatlaryny bermegiň we töwekgelçiligi dolandyrmagyň usullaryny üýtgedýärler. «FinTech»-iň ykdysady ösüşe itergi bermekde, maliýe pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda we maliýe hyz-matlaryna sanly gurşaw arkaly elýeterligi üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bardyr. «FinTech» uly göwrümli maglumatlar, emeli intellekt, bulut tehnologiýalary, blokçeýn, biometriýa we ş.m. innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, maliýe hyzmatlaryny bermegiň döwrebap tehnologiýasy bolup durýar. Bu tehnologiýa maliýe hyzmatlaryny özgertmek, ony has çeýe, netijeli we elýeterli etmek mümkinçiligine eýedir. Makalada «FinTech»-iň ykdysady ösüşe edýän täsiri seljerilýär. «FinTech»-iň ösüşinde intellektual tehnologiýalaryň ornuna, ýetirýän täsirine aýratyn üns berilýär. Makalada «FinTech»-iň ykdysady ösüşiň güýçli hereketlendirijisi bolup biljekdigi barada netijä gelindi. Maliýe tehnologiýalary ykdysadyýetiň, maliýe-bank ulgamynyň, işewürligiň ösüşine, goşmaça iş ýerleriniň döredilmegine we maliýe hyzmatlaryna elýeterliligiň gowulandyrylmagyna oňyn täsir eder. Bu makalanyň maksady maliýe tehnologiýalarynyň ykdysady ösüşe ýetirýän täsiri babatynda dünýä tejribesini öwrenmekden, maliýe pudagyna emeli intellekt we blokçeýn tehnologiýalarynyň täsirini seljermekden hem-de Türkmenistan üçin bu tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden ybarat. Munuň üçin bu ugurdan ylmy edebiýatlar we dürli ýurtlarda ornaşdyrylan öňdebaryjy tejribe öwrenildi. Makalada deňeşdirme we ulgamlaýyn seljerme usuly ulanyldy.
Dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş gitmekde telekommunikasiýa hyzmatlaryny ösdürmegiň ähmiýeti beýan edilýär. Türkmenistanda telekommunikasiýa hyzmatlarynyň maksatnamalaýyn ösüş meýilleri görkezilýär. Bu pudagyň geljekki ösüşini üpjün etjek ugurlar boýunça işleriň toplumy hödürlenilýär.
Ýurdumyzda gysga wagtyň içinde örän uly özgertmeler amala aşyryldy. Häzirki döwürde bank ulgamynyň ösüşine örän uly orun berilýär. Bank amallarynyň kämilleşdirilişi ýurduň ösüşini täze basgançaklara çykarmaga uly itergi berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bank ulgamynyň ykdysady görkezijileri ýokary derejelerde saklanýar.