
ÝURDUŇ MALIÝE ULGAMYNDA GAZNA BIRŽASYNYŇ ÄHMIÝETI
Doly tekst
Gysgaça beýany
Gazna biržasy maliýe ulgamynyň esasy bölegi bolup, maýanyň we maliýe serişdesiniň toplanmagy, paýlanmagy hem-de üznüksiz aýlanyşygy üçin möhüm esas döredýär. Türkmenistanda gazna biržasynyň bolmagy, ýurduň ykdysady ösüşini çaltlandyrmak, halkara maliýe bazarlaryna integrasiýalaşmak we maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm ädim bolup durýar. Bu makalada gazna biržasynyň maliýe ulgamyndaky orny, ähmiýeti, şeýle hem gazna biržalarynyň wezipeleri, olaryň ykdysady ösüşe täsiri, daşary ýurtly maýa goýumlaryny çekmek we ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyny gazanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. GDA (Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Özbegistan) ýurtlaryň mysallary arkaly gazna biržalaryň maliýe ulgamlaryny üýtgetmeklikge eýe bolan mümkinçilikleri görkezilýär.
Esasy sözler
gazna biržasy, gymmatly kagyzlar, paýdarlar jemgyýeti, maliýe ulgamy, maliýe gurallary, obligasiýalar, paýnamalar, maliýe bazary.Edebiýatlar
1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.
2. World Bank. (2023). Global Financial Development Report.
3. Asian Development Bank (ADB). (2022). Capital Markets in Central Asia.
4. Moskwanyň gazna biržasy (MOEX). (2023). Ýylyň hasabaty.
5. Gazagystanyň Milli banky. (2023). Maliýe durnuklylygynyň seljermesi.
6. Agb.com.