HALKARA SYÝAHATÇYLYGYŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ MATEMATIKI SELJERMESI
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Makalada halkara syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşi baradaky meselä garalýar. Onda ykdysady pudagyň otnositel ösüşiniň onuň ykdysady, durmuş we ekologik düzüjilere görä çeýelik koeffisiýentleriniň wektorynyň bu düzüjileriň otnositel üýtgeýişleriniň wektoryna skalýar köpeltmek hasylyna takmynan deňliginiň formulasyny görkezip boljakdygy bellenilýär. Şeýle formula halkara syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşiniň otnositel ösüşini onuň düzüjileriniň otnositel ösüşi bilen baglanyşdyrýar. Şol sebäpli onuň kömegi bilen halkara syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşiniň dürli ýagdaýlaryny beýan edip, seljerip bolar. Makalada, hususan hem, pudagyň otnositel ösüşiniň hemişeliklik şertini onuň durnukly ösüşiniň esasy şerti hökmünde kabul edip boljakdygy bellenilýär. Bu şertiň ýerine ýetmegi ýurtda halkara syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşiniň onuň düzüjileriniň otnositel ösüşi bilen baglydygyny kesgitleýär we şol sebäpli, bu pudagyň durnukly ösüşiniň şerti hökmünde kabul edilip bilner. Bu şert halkara syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşiniň ykdysady, durmuş we ekologik ýagdaýlarynyň çeýelik derejesine baglydygyny aýdyň görkezýär.

Esasy sözler
ykdysady pudagyň durnukly ösüşi, syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşi, otnositel ösüş, durnukly ösüşiň şerti.
Awtor barada
Jennet DURDYÝEWA

Turkmenistan

Uly mugallym


Gurbanguly ŞÜKÜROW

TDYDI

Turkmenistan

Uly mugallym


Edebiýatlar

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018. – 463 sah.

3. Şükürow G.A. Pudagyň maliýe-ykdysady ösüşini integral görkeziji arkaly seljermegiň käbir meseleleri. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany. 2024. – 623-625 sah.

4. Şükürow G.A., Halmyradowa S. Halkara syýahatçylygyň ösüşiniň käbir jähtleriniň seljermesi. Ylym we tehnika. Ýaş alymlaryň elektron žurnaly. №6. 2022. – 53-56 sah.

5. Акылбекова Н.И. Цифровизация как «реанимация» туризма после короновируса // Инновационное предпринимательство в цифровой экономике: опыт регионов / сборник материалов Международной научно-практической конференции, 24-25-апреля 2020 г. – С-42-48. – Воронеж: ИПЦ «Научная книга», 2020. –181 с. ISBN 978–5–4446–1441–9. Текст: непосредственный.

6. Ромашкина О. П. Признаки устойчивого развития международного туризма как социально-экономической системы // Журнал: Евразийское научное объединение. ISSN: 2411–1819. №3–3(37) 2018 г. С. –173–176.

7. Зорич В.А. Математический анализ. часть 1. – М.: Наука, Главное издание физико- атематической литературы. 1981. – 544 с.