SANLY YKDYSADYÝETIŇ DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEGIŇ GURALY HÖKMÜNDÄKI ORNY
Doly tekst
Gysgaça beýany
Häzirki zaman dünýäsinde sanly transformasiýa diňe bir tehnologik täzelik bolman, eýsem ol durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu makalada sanly ykdysadyýetiň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekdäki strategik ähmiýeti seljerilýär. Şeýle hem sanly tehnologiýalaryň resurslary tygşytly ulanmakdaky, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakdaky we ekologik durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti ylmy esasda beýan edilýär, milli we halkara derejesinde sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşiň täze nusgasyny kemala getirmekdäki amaly mümkinçilikleri öwrenilýär. Sanly transformasiýa ykdysady ulgamyň durnuklylygyny üpjün edýän täze gurşawy kemala getirýär. Bu bolsa sanly ykdysadyýetiň täze mümkinçiliklerini öwrenmekligiň häzirki zaman ykdysady ylmy üçin örän wajypdygyny delillendirýär. Makalada ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň durnukly ösüşiň ykdysady, durmuş we ekologiýa sütünlerine ýetirýän täsirini ylmy taýdan seljermek hem-de sanly tehnologiýalaryň durnukly ösüşiň guraly hökmündäki mümkinçiliklerini esaslandyrmak maksat edinilýär. Şol maksat bilen bu işde deňeşdirmeseljeriş we statistik çemeleşmeler ýaly ylmy-barlag usullary ulanyldy.
Esasy sözler
sanly ykdysadyýet, durnukly ösüş, sanly transformasiýa, tehnologiýa.Awtor barada
Begmyrat AtaýewTDYDI
Turkmenistan
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy
Edebiýatlar
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015.
2. B.G. Pürliýew, E.G. Rahmanowa. Ykdysadyýetiň esaslary. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.
3. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy. – Aşgabat, 2025.
4. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.