WIRTUAL AKTIWLERIŇ ESASY AÝRATYNLYKLARY WE OLARYŇ DÜZGÜNLEŞDIRILIŞINIŇ MILLI TEJRIBESI
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

Makalada sanly ykdysadyýet şertlerinde wirtual aktiwleriň ykdysady we hukuk tebigaty öwrenilýär. Soňky ýyllarda maddy we sanly dünýäniň arasyndaky araçäk barha aýdyňlaşýar. Wirtual aktiwler adamlarda diňe bir gyzyklanma döretmek bilen çäklenmän, düýpli ylmy seljermäni talap edýän bazar gatnaşyklarynyň doly hukukly obýektlerine öwrüldi. Şundan ugur alnyp, maddy eýeçilikden tokenleşdirilen hukuklara geçiş işi we tranzaksiýalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde blokçeýn tehnologiýasynyň ähmiýeti, wirtual aktiwler, olaryň wezipeleri, aýratynlyklary hem-de wirtual aktiwleriň durnukly işlemegi üçin tehnologik üýtgeşmeleriň ýokary tizligine uýgunlaşmaga ukyply bolan zerur kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň milli tejribesi hem öwrenilýär. Netijede, wirtual aktiwleriň hukuk we ykdysady tebigatynyň yzygiderli öwrenilmegi, geljekde ýurduň sanly giňişlikde bäsleşige ukyplylygyny berkitmekde we innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde strategik ähmiýete eýe bolar.

Esasy sözler
wirtual aktiw, sanly aktiw, blokçeýn, kriptowalýuta, token, kriptografik gorag, Bitkoin, Ethereum, NFT, DeFi
Awtor barada
Şirin Öwezberdiýewa

Turkmenistan

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy


Edebiýatlar

1. Wirtual aktiwler hakynda Türkmenistanyň Kanuny. Aşgabat şäheri. 2025-nji ýylyň 22-nji noýabry. № 180-VII.

2. Андреас Антонопулос. «Освоение биткоинов: внедрение цифровых криптовалют»//O’Reilly Media, 2022, 641c.

3. Сажина М.А., Костин С.В. Блокчейн в системе управления знанием: Монография. Москва: Издательский Дом «ФОРУМ», 2019.