ESG GÖRKEZIJILERINIŇ BAHALANDYRYLMAGY FINTECH INFRASTRUKTURASYNYŇ DÜZÜM BÖLEGI HÖKMÜNDE: HÄZIRKI WAGTDA EMELI AŇ ANALITIKASYNYŇ DURNUKLY MAÝA GOÝUM ULGAMYNDAKY ÇÖZGÜTLERI ÖZGERTMEGI
Doly tekst
PDF (TM)   |   PDF (RU)   |   PDF (EN)
Gysgaça beýany

ESG (Environmental, Social and Governance – ekologiýa, durmuş we korporatiw dolandyryş) faktorlarynyň bahalandyrylmagy uzak wagtyň dowamynda haýal, ýeterlik derejede aýdyň bolmadyk hem-de kompaniýalaryň özbaşdak taýýarlaýan hasabatlaryna aşa garaşly döwürleýin reýting amaly hökmünde alnyp baryldy. Maliýe tehnologiýalarynyň (Fintech) platformalarynyň ESG signallaryny karz beriş algoritmlerine, ätiýaçlandyryş nyrhlaryny kesgitlemek modellerine we portfel dolandyryş ulgamlaryna ornaşdyrmagy bilen, adaty reýting siklleriniň çäklendirmeleri diňe bir oňaýsyzlyk dälde, ulgamlaýyn meselä öwrülýär. Bu makalada hakyky wagtda emeli aňa (EA) esaslanýan köp çeşmeli ESG analitikasynyň öňegidişligi göz öňünde tutýandygy: ESG diskret reýtingini özleşdirmekden esasy maliýe infrastrukturasy hökmünde düşünmek üçin düýpli özgerişleri aňladýandygy nygtalýar. Emeli hemralardan alnan şekilleri, sosial torlardaky teswirleriň sazlaşygyny, göni ýaýlymdaky habarlary we düzümleýin maliýe maglumatlaryny birleşdirýän alty agentli EA-binýadyna (EA-konweýeri) esaslanyp, biz üznüksiz ESG bahalandyrmasynyň fintech ulgamlarynyň düzüminde ornaşdyrylyp bilinjekdigini görkezilýär. Ösüp barýan bazaryň “Arlan Textiles” (Ardowiýa) atly hyýaly kärhanasynyň anyk mysaly, adaty agentlikler tarapyndan ünsden düşürilen “greenwashing” (ekologik marketing aldawy) duýduryşlaryny teklip edilen modeliň  nähili anyklaýandygyny görkezýär. Karz bermek, ätiýaçlandyryş, portfel dolandyryşy we kadalaşdyryjy talaplara laýyklyk üçin bu çemeleşmäniň netijesini maglumatlaryň ýetmezçiligi has ýiti bolan ösüp barýan bazarlaryň mysalynda seredilip geçilýär.

Esasy sözler
ESG reýtingi, emeli aň, fintech infrastrukturasy, hakyky wagtdaky analitika, durnukly maliýeleşdiriş, ösüp barýan bazarlar, “greenwashingi” (ekologik marketing aldawy) anyklamak, agentli EA.
Awtor barada
Merdan Ýazyýew

China

CAREC (Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy) Institutynyň Strategik meýilleşdiriş boýunça uly hünärmeni


Edebiýatlar

1. Berg, F., Kolbel, J.F. & Rigobon, R. (2022). Aggregate confusion: The divergence of ESG ratings. Review of Finance, 26(6), 1315-1344. https://doi. org/10.1093/rof/rfac033

2. Bloomberg Intelligence (2023). ESG assets may hit $53 trillion by 2025, a third of global AUM. Bloomberg Professional Services.

3. CGFI (2024). Green Fintech 2.0 Report. Centre for Greening Finance and Investment. University of Oxford.

4. Climate Bonds Initiative (2025). Sustainable Debt Global State of the Market 2024. climatebonds.net

5. Fortune Business Insights (2026). ESG Investing Market Size & Growth Report 2026-2034. fortunebusinessinsights.com

6. IFC (2025). Elevating ESG Reporting in Emerging Markets. International Finance Corporation. ifc.org

7. Lim, T. (2024). Artificial intelligence in sustainable finance: A review. Artificial Intelligence Review, 57(4). https://doi.org/10.1007/s10462-024-10726-1

8. LSEG (2024). ESG Scores Methodology. London Stock Exchange Group. lseg.com

9. Osmosis Investment Management (2024). Emerging Markets Sustainability Disclosure Regulations. osmosisim.com

10. Schimanski, T. et al. (2024). Towards alignment of large language models with ESG disclosure standards. Finance Research Letters, 61, 104979.

11. Wang, Y. et al. (2024). ESG assessment using large language models. Frontiers of Computer Science, 18, 186345.