Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän düýpli ykdysady özgertmeler we gazanylýan üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilişi, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi, sanly tehnologiýalaryň we «ýaşyl ykdysadyýetiň» ornaşdyrylyşy, daşary ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilişi, ýurdumyzyň maýa goýum özüne çekijiligi, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylyşy, maliýe gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy baradaky ylmy maglumatlary öz içine alar.

Innowasiýa ykdysadyýeti boýunça ylmy barlaglary alyp barýan hünärmenler, bu ugurdan bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň professor- mugallymlary we talyplary hem-de giň okyjylar köpçüligi bu elektron žurnal arkaly ylmy barlaglaryň netijeleri bilen tanyş bolup bilerler.